Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek: ýylyň gazananlary hem-de şu ýyl üçin wezipeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek üçin sanly ulgama geçirilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiň durnukly esaslaryny kemala getirmek, ilkinji nobatda, bu ulgamda hukuk kadalaşdyrylyşyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy.

Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklary işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

2020-nji ýylyň fewral aýynda milli Liderimiz Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine, guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürligi we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär, bank ulgamyna döwrebap we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.

Banklaryň sanly ulgama geçirilmegi bank düzümini döwrebaplaşdyrmaga, önümleriň görnüşlerini giňeltmäge hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly müşderiler bilen özara gatnaşyklarynyň ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň banklary tarapyndan ykdysadyýetiň ileri tutulýan ulgamlaryna karz bermek işi amala aşyrylýar. Uzakmöhletli karzlary, gozgalmaýan emläk üçin karzlary hem-de hormatly Prezidentimiziň degişli Kararlarynyň esasynda karzlary bermek işi dowam etdirilýär. Munuň özi önümçiligiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ösdürilmegini goldamaga gönükdirilendir.

Sanly ulgama geçilmegi bank hyzmatlarynyň gerimini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, türkmen banklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň özgerişliklere taýýarlygyny şöhlelendirýän görkezijileriň biri bolup durýar.

Sanly ulgama geçilmegi bank bazaryna gatnaşyjylaryň we müşderileriň arasynda özara gatnaşyklaryň düýpli özgerdilmegini alamatlandyrýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, hyzmatlaryň tizliginiň artdyrylmagyny hem-de hyzmat etmegiň alternatiw usullaryny ulanmak arkaly müşderileriň wagtynyň tygşytlanylmagyny göz öňünde tutýar.

Bank bazaryna gatnaşyjylara hödürlenilýän hyzmatlaryň çaltlygy hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow

Ykjam internediň ösmegi hem-de smartfonlaryň wezipeleriniň giňelmegi bilen baglylykda, ykjam goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şolary ulanyjylar, her gün özleriniň hasabynyň balansyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri hem-de hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler.

Şolaryň ornaşdyrylan döwründen bäri “Altyn asyr”, “Millikart”, “Goýum bank kartlary”, “Maşgala kartlary” ýaly sanly bank kartlary arkaly nagt däl tölegleriň möçberi artýar hem-de “Internet-banking”, “Ykjam bank”, “Aralykdan töleg” ýaly hyzmatlardan peýdalanmak ýokarlanýar.

Töleg terminallary arkaly karz kartlary tarapyndan esasy bergi üzülende, gajetler we kompýuterler giňden peýdalanylýar.

Bank kartlary arkaly terminallaryň üsti bilen söwda hem-de hyzmat ediş merkezlerinde satyn alnan harytlaryň we hyzmatlaryň tölegi, jemagat hyzmatlary (gazdan, suwdan, elektrik togundan peýdalanmak), polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň degişli hyzmatlary, şol sanda ulag serişdelerini bellige almak, tehniki pasporty bermek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, ulag sürmek boýunça synaga gatnaşmak üçin tölegler amala aşyrylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň pasporty alnanda, pasport çalşylanda ýygymlaryň tölegi ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap kart hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagynyň karz berýän edaralara ynamy hem-de olaryň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini, fiziki we ýuridik şahslardan pul goýumlaryny çekmegiň hem-de olary bermegiň tertibini ýeňilleşdirýändigini belleýär.

Şeýlelikde, “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky 2020-nji ýylda “Halkbank terminal” aralykdan tölegleriň ykjam goşundysyny işe girizdi. Munuň özi bank amallaryny sanly ulgama geçirmek boýunça üstünlikli ädim boldy.

“Halkbank terminal” aralykdan tölegler ulgamy adaty harytlary ýa-da hyzmatlary hödürleýän satyjynyň adaty smartfonuna ornaşdyrylýar hem-de häzirki wagta çenli ulanylýan ägirt uly töleg terminallarynyň ornuny tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, internet-hyzmatlaryň giň görnüşleri raýatlary goşmaça we yzygiderli bilime, aralyk usullarynyň kömegi bilen hünär derejesini ýokarlandyrmaga höweslendirýär. Sanly bilimiň ornaşdyrylmagy adam maýasyny artdyrmaga hem-de ykdysadyýete we beýleki ulgamlara innowasion serişdeleri çekmäge kömek eder.

Soňky ählumumy wehimler bilen baglylykda, bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ösdürmegiň derwaýyslygy has-da artdy. Dünýäniň köp ýurtlaryny gurşap alan koronawirus ýokanjynyň täze görnüşi tutuş dünýäde bilim ulgamynyň işiniň usullaryna degişli düzedişleri girizdi. Şu çylşyrymly ýagdaýda sanly tehnologiýalar internediň üsti bilen döwrebap ykjam serişdeleri arkaly bilim işini dowam etdirmäge mümkinçilik berdi.

Sanly ulgama geçmek işinde okatmagyň hem-de bilim işini guramagyň düzümi düýpli özgerýär. Täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagy sanly pedagogikany mundan beýläk-de ösdürmek üçin başlangyç şertdir.

Bilim ulgamynyň yzygiderli sanly ulgama geçirilmegi täze bilim standartlaryna daýanýar. Okuw serişdelerini döretmegiň, netijeli okatmak üçin talyplaryň bilimini ýokarlandyrmagyň guraly zerur bolup durýar.

Eziz Diýarymyzyň ykdysady ösüşini gazanmakda sanly tehnologiýalaryň artykmaçlygy aýdyňdyr hem-de sanlylaşdyrmak boýunça konsepsiýa ähli döwlet maksatnamalaryna we iri ykdysady taslamalara sazlaşykly utgaşýar.

Sanly tehnologiýalar durnukly ösüşiň köp sanly meselelerini dürli ugurlar boýunça çözmekde özboluşly açar bolup durýar. Sanly tehnologiýalar bazary dünýäde iň çalt ösýän ugurdyr hem-de ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginde iň meşhur ulgamdyr.

Türkmenistanda ykdysadyýetiň ösmeginiň möhüm ugry bolan söwda döwletimiziň jemi içerki önüminiň 10 göterimden gowragyny üpjün edýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Sanlylaşdyrmakda hut söwda ulgamyna uly orun degişlidir, onda ýokary tehnologiýaly we innowasion çözgütleri ösdürmegiň binýady goýlandyr. Konsepsiýa, tutuşlygyna alanyňda, internet söwdasyny ösdürmäge, şonuň ýaly-da ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň giň görnüşini durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, milli söwda ulgamynda hem lomaý we bölek söwda ulgamlaryny dolandyrmakda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hukuk binýady döredildi hem-de ol kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň “Alyjylaryň hukuklary hakyndaky”, “Söwda işi hakyndaky”, Internet ulgamyny ösdürmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek we Türkmenistanda internet hyzmatlaryny etmek hakyndaky kanunlaryna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan “Harytlary aralykdan satmagyň düzgünnamasy” işlenip düzüldi we işe girizildi. Ol internet söwdasynyň işini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.

Düzgünnama harytlaryň mahabatyny, harytlary satyn almak-satmak şertnamalaryny baglaşmagy, harytlary alyja eltip bermegiň düzgünlerini goşmak bilen aradaşlykdan söwdany guramak boýunça umumy düzgünler girizildi, onda alyjynyň hukuklary we beýlekiler kesgitlenilýär.

Bu kadalar guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, ýuridiki taraplara, şonuň ýaly-da, hukuk tarapyny döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan hususy telekeçilere degişlidir.

Bu gün söwda ulgamynda sanlylaşdyrmak häzirki döwrüň alyjysynyň häsiýetiniň hem-de özüni alyp barşynyň görnüşiniň üýtgemegini ep-esli derejede kesgitleýär. Bu, şol sanda, töwerekde bolup geçýän üýtgetmeler—tehnolgiýalaryň örän çalt ösmegi, sanly ekoulgamyň hem-de innowasion işewürligiň ýüze çykmagy bilen şertlendirilendir.

Häzirki döwrüň alyjylary amatlylyga hem-de ekologiýa taýdan arassaçylyga uly üns berýär, wagtyny tygşytlamaga çalyşýar, özüne aýratyn çemeleşmäni talap edýär döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Olar sanly tehnologiýalary hem-de dürli çeşmeleri maglumatlary almak üçin işjeň ulanýarlar. Tutuş Türkmenistan boýunça harytlaryň sarp edilişi artýar, ýöne alyjynyň haryt satyn almak usullary barha köp ugurly häsiýete eýe bolýar. Bu bölek söwdada özgertmeleriň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Tejribäniň görkezişi ýaly, şeýle özgertmeleri ornaşdyrmakda toplumlaýyn çemeleşme has oňat netijeleri berýär. Söwda ulgamynda diňe bir hasaplamak hem-de alyjylaryň özüni alyp barşyny seljermek üçin ulgamy ornaşdyrmak däl-de, eýsem, işgärlere bildirilýän talaplara gaýtadan seretmek we iş öndürijiligini ýokarlandyrmak maksadalaýykdyr.

Sanly tehnologiýalaryň kömegi arkaly işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de degişlilikde, harytlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmek we bazarda elýeterliligini üpjün etmek bolar. Şunda söwda ulgamynyň işgärleriniň köpüsi alyjylaryň aglabasynyň tehniki täzeliklere oňyn garaýandyklaryny hem-de olary söwda nokatlarynda höwes bilen ulanýandyklaryny belleýärler. Öz-özüňe hyzmat edýän kassalar aradaşlykdan tölegler, söwda ulgamynyň ykjam goşundylary barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda söwdany sanlylaşdyrmak ulgamynda esasy iki ugry görkezmek bolar, olar-- häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ulanylmagy hem-de alyjylary seljermekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda 2020-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyzyň neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe geçirmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi durmuşa geçirmegiň degişli Tertibi işlenip düzüldi. Taýýarlanylan resminamada öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ilkinji nobatdaky wezipeler hem-de gazetleriň we žurnallaryň elektron görnüşe geçirilmeginiň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlenildi.

Çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň saýtlarynyň döredilmeginiň syýasy hem-de ykdysady ähmiýeti bardyr. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň internet giňişliginde giňden ornaşmagy dünýäde ýurdumyz hakynda maglumatlary has netijeli ýaýratmaga şert döreder. Şonuň ýaly-da, saýt diňe bir ýazgy materiallaryny däl, eýsem, audiowizual maglumat roliklerini, reportažlary göni görnüşinde ýerleşdirmäge ýardam edýär.

Gazetleriň we žurnallaryň sanly görnüşe geçmegi çaphanalaryň maliýe çykdajylaryny ep-esli azaltmaga, kagyzy, reňki tygşytlamaga, çaphana enjamlarynyň ulanylyş möhletini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ulanylýan çaphana enjamlaryny, belki, başga has peýdaly, telekeçilik buýurmalary üçin peýdalanyp bolar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sanlylaşdyrylmagy içerki maglumatlar bazarynda oňaýly şertleri döreder, has dogry we ýokary derejeli çemeleşmelerde bolsa dünýäniň habar serişdeleri bazaryna çykmaga ýardam eder. Bu ugurda hereket etmek bilen neşirler ýokary hünärli žurnalistleri, terjimeçileri, IT hünärmenlerini işe çekmäge gyzyklanma bildirerler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin pudagara toparyny döretmek hakyndaky” Kararynyň sanly ykdysadyýete geçmekde şertleri döretmek üçin iş ýüzündäki esasy çäredigini bellemek gerek. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ilerletmäge ýardam etmek bu toparyň maksady hökmünde kesgitlenildi.

2020-nji ýylyň başynda toparyň birinji mejlisi geçirildi, onda ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlenildi, jogapkär adamlar bellenildi. Geçen ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparynyň iş toparynyň onlaýn maslahaty geçirildi.

Bu maslahat iş toparynyň ikinji mejlisi boldy. Oňa ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň onlarçasynyň, häkimlikleriň, banklaryň, edaralaryň we kärhanalaryň wekilleri, IT meýdançalarynyň şonuň ýaly-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine Düzgünnama we Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparynyň düzümine üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek baradaky meseleler girizildi.

Şonuň ýaly-da, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna Identifikasiýa we autentifikasiýa bitewi ulgamynyň (IABU) milli taslamasy hödürlenildi. Ol özara maglumat hereketlerine gatnaşyjylaryň (ýüz tutan raýatlaryň hem-de ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlarynyň) elektron hyzmatlaryny almak maksady bilen, döwlet elektron serişdelerine rugsat berlen elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Rugsat Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynda (e. gov.tm.) hasaba alnandan soň berilýär. Mundan başga-da, iş toparynda Pudagara elektron gatnaşyklary ulgamynyň (PEGU) taslamasy görkezildi. Bu maglumat ulgamy ýurdumyzyň merkezi, sebit we ýerli häkimiýet edaralaryna, karz edaralaryna hem-de PEGU gatnaşýan beýleki guramalara raýatlara we guramalara elektron görnüşindäki döwlet hyzmatyny bermek üçin zerur maglumatlary alyşmaga mümkinçilik berýär.

Onlaýn maslahata gatnaşyjylar sanly özgertmeleriň üstünligini üpjün etmek üçin birnäçe ugurlar, şol sanda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek hem-de milli hünärmenler, ylmy-tehniki we düzüm mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler.

Ýerine ýetirilen işleriň jemine hem-de bellenilen sepgitlere ser salyp, Türkmenistanyň sanly ykdysadyýete geçmek wezipesine düýpli çemeleşýändigini ynam bilen bellemek bolar. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi IT kompaniýalaryň ösmegi üçin zerur bolan düzümleriň, amatly şertleriň döredilmegi, hünärmenler bilen üpjünçilik meseleleriniň çözülmegi we beýlekiler konsepsiýada bellenilen maksatlara ýetmegi çaltlandyrar.

Öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň köpçülikleýin ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegi üçin esas bolar. Türkmen önüm öndürijileri emele gelen ýagdaýy çeljerip hem-de kynçylyklary yzygiderli aradan aýryp, täze ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürip, ykdysadyýetimiziň dünýä bazarlaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny düýpli ýokarlandyrarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň ykdysadyýetini innowasion ugra geçirmegi çaltlandyrmagyň, işewürlik hem-de maýa goýum işjeňliginiň ösüşiniň artdyrylmagy, ylmy gözlegleri köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligiň ýokarlandyrylmagynyň, öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýalarynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagynyň durmuşyň hilini hem-de ýurdumyzyň ilatynyň abadançylyk derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtaýar.

 
 

07.01.2021