Bagy-bakja bezegidir Zeminiň

Daşoguz welaýatynda bagçylyk bilen meşgullanmaga höwesekleriň sany ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, diňe Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «N.Andalyp» daýhan birleşiginde döredilen ýörüteleşdirilen ýer gorundan soňky ýyllarda adamlaryň 299-syna gök-miwe önümlerini ýetişdirmek, şol sanda köp ýyllyk miweli baglary we üzüm ýetişdrimek üçin 1550 gektar ýer bölünip berildi. Şunda ýerleri 99 ýyllyk möhlete ulanmaga alanlaryň köpüsi diňe bagçylyk we üzümçilik bilen meşgullanmagy niýet edinýärler, diňe olaryň 110-sy bu işi kartoşka hem-de beýleki ekinleriň käbirini ýetişdirmek bilen utgaşdyrmagy göz öňünde tutýarlar. Bölünip berlen ýerleriň bir ýüz segsen iki gektar meýdanyna miweli baglar, on alty gektara golaý ýere üzüm, iki gektardan gowrak meýdanda tut agaçlary ýetişdirilýär.

Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti ýeňil bolmadyk tebigy-howa şertlerine garamazdan baglary bilen meşhurlyk gazandy. Bu ýerde almadan, armytdan, alçadan, çereşnýadan, wişnýadan we beýleki miwelerden hemişe bol hasyl alynýar. Döwlet tarapyndan daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary köpeltmek babatda yzygiderli amala aşyrylýan işler netijesinde Daşoguz welaýatynda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň çölleşmeginiň we batgalyga öwrülmeginiň öňüni almak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde bag ekmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär. 

Her ýyl, şol sanda täze bag nahallarynyň ýüzlerçe müňüsini ekmek boýunça ähli ýerde geçirilýän ählihalk çäreleriniň çäklerinde amala aşyrylýan işler pürli we saýaly ýaprakly daragtlary ýetişdirmegi has-da ýokarlandyrmagyň zerurlygyny ýüze çykardy. Häzirki wagtda bu işe döwlet edaralary bilen birlikde hususy düzümler hem çekilýär.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm

08.01.2021