Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar

Şu gün Türkmenabatda Akina-Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklip edýän, owgan meselelerini çözmäge hemmetaraplaýyn çemeleşmeleri goňşy ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň dikeldilmegine gürrüňsiz hyzmat eder. Bu ýagdaý Owganystany sebitiň we dünýäniň energetika, ulag we hojalyk gatnaşyklaryna çekmek boýunça anyk işlerde öz beýanyny tapýar.

Elbetde, hyzmatdaşlygyň täze ýollarynyň ulanmaga berilmegi bilen iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyny, olaryň energetika we kommunikasiýa pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryny, halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyny amala aşyrmak üçin mümkinçilikler giňeler.

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherine geldi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerden Lebap welaýatynyň “Ruhyýet” köşgüne—Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilýän ýerine ugrady.

Türkmen we dari dillerinde dabarany alyp baryjylar iki ýurduň Prezidentlerini mähirli garşylaýarlar hem-de dabarany açyk diýip yglan edýärler.

Ilki bilen, milli Liderimize söz berilýär.

Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşi--Muhammad Aşraf Ganä “Gadyrly doganym!” diýen sözler bilen ýüzlenip we beýleki dabara gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu gün iki ýurduň durmuşynda uly baýram diýip belledi.

Iri üç desganyň – Akina–Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki–Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar–Akina we Serhetabat–Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlandy.

Döwlet Baştutanymyz hemmeleri bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, bu iri möçberli we geljegi uly bolan taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan giň gerimli we ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen işler üçin, türkmen we owgan hünärmenlerine minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu üç taslama gysga möhletlerde amala aşyryldy. Olar umumy maksada – biziň ýurtlarymyzyň uzakmöhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir. Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Giň halkara hyzmatdaşlygyna, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir.

Şonuň ýaly-da, biziň maksatlarymyz Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ulgam häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň örän möhüm we aýrylmaz bölegini döretmäge gönükdirilendir. Netijeli sebitara we kontinental özara gatnaşyklara niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle desgalaryň ulanmaga berilmeginiň Owganystanyň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem, bu desgalar Owganystanyň senagat we durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň dikeldilmegine ýardam eder. Owgan halkynyň öz güýçlerine ynamyny artdyrar. Parahat, gülläp ösýän, ykdysady taýdan ösen döwleti emele getirmek işinde agzybirligi we bitewüligi gazanmagyň täsirli şertine öwrüler.

Milli Liderimiz owgan doganlarymyzy, sebitdäki we bütin dünýädäki dostlarymyzy we hyzmatdaşlarymyzy bu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara giňişliginde hem Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady we syýasy-diplomatik goldawy mundan beýläk-de berjekdigine ynandyrdy.

Şeýle möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi köpýyllyk ysnyşykly we netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýandygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasy bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklaryna buýsanýarys we ýokary baha berýäris diýip belledi.

Biziň gatnaşyklarymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy kökleri bar. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýar. Häzir bu gatnaşyklar bilelikdäki giň möçberli ösüş meýilnamalarynyň amala aşyrylmagynda, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň döredilmeginde, täze ulag, kommunikasiýa, energetika ugurlarynyň emele getirilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şol taslamalaryň hatarynda «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan– Hindistan» gaz geçirijisiniň, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň emele getirilmegini görkezdi.

Bu taslamalar umumy strategik maksatlara anyk düşünmegiň, uzakmöhletli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini anyk duýmagyň esasynda biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly has-da berk baglanyşdyrar. Bu işde Owganystanyň ýolbaşçylarynyň parasatlylygy, öňdengörüjiligi we syýasy erk-islegi örän möhüm şert bolup durýar. Umumy üstünligiň, geljekde sazlaşykly we netijeli iş alyp barmagyň girewini şunda görýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz OYR-niň Prezidenti Muhammad Aşraf Ganä bu taslamalary goldandygy, olary amala aşyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde energetika we serhetüsti ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň bir wagtda gurulmagy biziň döwletlerimiziň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň netijeli şerti bolup durýar diýip belledi. Bu adamlaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagynyň, goşmaça iş orunlaryny döretmegiň, iri möçberli daşarky maýa goýumlaryny çekmegiň örän möhüm esasy bolup hyzmat edýär. Bu işleriň ählisi, öz nobatynda, sebitde howpsuzlygyň gyşarnyksyz berkidilmegine ýardam eder. Netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin zerur bolan amatly syýasy ýagdaýy döretmäge itergi berer. Döreýän wehimlere garşy bilelikde netijeli göreşmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň uzakmöhletleýin strategiýasyna doly laýyk gelýär. Bu strategiýa Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň we olara ýanaşyk ýurtlaryň durnuklylygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge niýetlenendir. Sebitde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bellenip geçilen taslamalaryň kontinent derejesinde ykdysady, senagat we söwda korporasiýasyny ösdürmekde hem örän möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ýerde gürrüň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän giň, çalt depginler bilen ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlary we hyzmatlary çykarmak üçin serişde we önümçilik kuwwatlyklaryny birleşdirmek, logistika mümkinçiliklerini ulanmak babatda gidýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, owgan ugrunda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi ýaly iri birleşdiriji düzümler we guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertler döreýär.

Türkmenistan bu guramalar bilen ulgamlaýyn esasda, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar. Şu maksat bilen, ýurdumyz umumy uzakmöhletleýin bähbitleriň esasynda möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça bilelikdäki işe başlamaga niýetlenen degişli başlangyçlary öňe sürýär.

Bitaraplyk we «açyk gapylar» ykdysady syýasaty Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Örän iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezleriniň biri hökmünde biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirdi. Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bu wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Ulag, energetika ulgamlarynda biziň tekliplerimize dünýäde barha uly üns berilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan biziň tekliplerimize uly goldaw berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly üstaşyr geçirmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren rezolýusiýalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Bu gün biz şol başlangyçlaryň we teklipleriň hakyky iş ýüzünde durmuşa geçýändiginiň şaýady bolýarys. Häzirki taslamalar biziň sebitimiziň kontinentde strategik durnukly ösüşiň berk düzüm bölegine öwrülmegine iş ýüzünde anyk goşant bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň köp ýurtlar, iri halkara kompaniýalary, maliýe merkezleri we institutlary üçin geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaşa öwrülmegine şert döredýändigini belledi.

Täze elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen, Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda giň gerimli özara hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak üçin täze şertler döreýär.

Döwlet Baştutanymyz uly ýoluň – täze başlangyçlaryň başynda durýandygymyza ynam bildirdi. Şu taslamalardan soňra, ähmiýeti boýunça olardan birjik-de kem bolmadyk we örän giň möçberli, iki doganlyk ýurt we halk, beýleki döwletler üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýene-de köp sanly täze taslamalar amala aşyrylar diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu günki gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biziň garaýyşlarymyzyň we maksatlarymyzyň birdiginiň, netijeli hyzmatdaşlyk edýändigimiziň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Biz bu hyzmatdaşlygyň netijelerine buýsanmaga doly haklydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň ählisini şu günki şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olara täze, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Prezidenti Muhammad Aşraf Ganä parahatçylyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny owgan halkyna ýetirmegi haýyş etdi.

Milli Liderimiz türkmen-owgan dostlugynyň nyşany hökmünde Akina–Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki–Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar–Akina we Serhetabat–Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlarynyň açylyşyna tüýs ýürekden ak pata berdi.

Soňra Owganystanyň Prezidenti Muhammad Aşraf Ganä söz berilýär.

OYR-nyň Baştutany dabara gatnaşyjylary mübärekläp, häzir Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli giňelendigini belledi hem-de owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine hoşniýetli erk-islegi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Akina-Andhoý demir ýolunyň we beýleki düzüm taslamalarynyň açylmagy iki ýurduň arasynda şol gatnaşyklary has-da giňeltmegiň ýolunda ähmiýetli ädimler bolup durýar hem-de sebitdäki gatnaşyklaryň we goşulyşmagyň möhüm bölegini düzýär diýip, Prezident Muhammad Aşraf Gani belledi.

Bir asyrdan gowrak wagtdan soň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen öňden gelýän gatnaşyklaryny dikeltmek Owganystan üçin uly hormatdyr diýip, OYR-nyň Prezidenti Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanyň Hökümeti we halky tarapyndan ýokary baha berilýändigini aýtdy.

“Ýedi ýyl mundan oň, prezidentlige dalaş eden wagtym menden daşary syýasatymy nireden başlajakdygymy sorapdylar. Şonda men Türkmenistandan diýip jogap berdim. Meniň jogabym watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly syýasatçylaryň ençemesini haýran galdyrypdy. Bu gün bolsa, olaryň iki doganlyk we goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary görüp, meniň jogabymyň dogrudygyna düşünendiklerine ynanýaryn” diýip, dostlukly ýurduň Baştutany Muhammad Aşraf Gani belledi.

Owganystany we Türkmenistany öňden gelýän gatnaşyklar birleşdirýär, şol gatnaşyklar bolsa, tutuş taryhyň dowamynda üstünlikli bolup gelýär.

Häzir bu ikitaraplaýyn gatnaşyklar birek-biregiň milli bähbitlerine we umumy hajatlaryna çuňňur düşünilmegine esaslanyp, dowam etdirilýär we geljege gönükdirilendir.

Biziň ýurtlarymyz medeni we taryhy umumylyga goşmaça hökmünde ykdysady taslamalary işläp taýýarlaýarlar. Olar özara gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam eder. Bu işler demir ýol gatnawlary we kommunikasiýalar babatda bilelikdäki işler, şeýle hem Pakistana elektrik energiýasyny geçiriji TOP hem-de Hindistana we Pakistana gaz geçiriji TOPH, gury ýerde Günoria Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän optiki-süýümli ulgam ýaly iri taslamalardyr.

Bularyň hemmesi owgan halkynyň durmuş şertlerini hem-de sebitiň ýurtlarynyň ýagdaýyny gowulandyrar diýip, Prezident Muhammad Aşraf Gani şol taslamalaryň ösüş geçelgelerini we durmuş abadançylygyny döredip, Owganystana batly depginler bilen ösmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Ol Merkezi Aziýany Günorta, Gündogar we Günbatar Aziýa bilen birleşdirýän ýollaryň çatrygy hökmünde Owganystanyň ýagdaýynyň möhümdigini belledi. Şu nukdaýnazardan ähmiýetli ykdysady we düzüm taslamalarynyň işlemegi we dowam etmegi özara baglylyga we goşulyşmaga bolan garaýşymyzyň ýönekeý bir sebit arzuwy däl-de, eýsem, jedelsiz hakykat bolup durýandygyny tassyklaýar diýip, OYR-nyň Baştutany aýtdy.

Owganystanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň üstünlikli giňelmegi beýleki goňşular hem-de sebitiň ähli ýurtlary üçin nusga alarlyk bolup durýar.

Biz Owganystany sebitiň çatrygyna öwürmäge çalyşýarys. Şunda bu ugurda uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň Owganystanyň hoşniýetli goňşusy we strategik hyzmatdaşy hökmünde bu babatda peýdaly we gymmatly orny eýelejekdigi şübhesizdir diýip, owgan Lideri belledi.

Türkmenistan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sebitiň merkezine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň dünýä bilen birleşýän nokadyny döretmekde möhüm orun eýeleýär diýip, goňşy ýurduň Baştutany belledi.

Owganystanyň Prezidenti türkmen Liderine, biziň döwletimize iri maksatnamalaryň we taslamalaryň, olary maliýeleşdirmegiň we amala aşyrmagyň çäklerinde mäkäm gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy üçin Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan etdi.

OYR-nyň Hökümeti we halky şeýle goňşuçylyga hem-de dostluga buýsanýar diýip bellemek bilen, Prezident Muhammad Aşraf Gani bu berk dostlugyň geljekki nesiller üçin miras galmagyny arzuw etdi.

Bu gün biz Akina-Andhoý demir ýolunyň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň şaýatlary bolýarys. OYR-nyň Prezidenti şeýle taslamalaryň ýakyn geljekde hem amala aşyrylyp, olaryň Owganystany sebit üçin möhüm çatryga öwürjekdigine ynam bildirdi.

Owgan Lideri Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň kadaly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini aýtdy. Prezidentiň pikirine görä, Hyrat we Mazari-Şarif şäherlerindäki türkmen konsullyklarynyň baş konsullyklara çenli derejesiniň ýokarlandyrylmagy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

Türkmenistan Owganystanyň parahatçylykly ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar we 2013-nji ýyldan başlap Aşgabatda Owganystanyň parahatçylykly ösüşi boýunça mejlisleriň tapgyryny geçirmäge yzygiderli çagyrýar diýip, Owganystanyň Prezidenti belledi.

Owgan Lideri Owganystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigini ýene-de bir gezek belläp, özara gatnaşyklaryň üç taraplaýyn görnüşde (Owganystan-Türkmenistan-ABŞ), (Owganystan-Türkmenistan-Eýran), (Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan) hem-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde dowam edýändigini belledi.

Bu gün ulanmaga berilýän desgalaryň hem sebit hyzmatdaşlygy, biziň ýurtlarymyzyň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähmiýeti uly bolup durýar, biz TOPH we TOP taslamalaryny Owganystanda 2021-nji ýylyň awgustynda açmaga taýýardyrys diýip, Prezident Muhammad Aşraf Gani belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Hökümetine TOP 500 kW taslamasy üçin elektrik energiýasynyň bahasynyň 6 sentden 3 ýarym sente düşürilendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasynyň üstünde işleýäris hem-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň, aýratyn hem elektrik energetikasy we demir ýollar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşinden hoşaldyrys diýip, owgan Lideri belledi.

Şeýle hem Owganystan Hyrat we Mary şäherlerini dogan şäherler diýip yglan etmegi teklip edýär. Munuň özi ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.

Prezident Muhammad Aşraf Gani sözüniň ahyrynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna berýän ünsi we goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň demir ýol, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Şeýlelikde, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy hem-de Owganystanyň demir ýol ugurlary müdirliginiň ýolbaşçysy Akina-Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegine taýýarlyk barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, bu polat ýoly Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwdany işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, daşalýan ýükleriň möçberi birinji ýylda 20 göterim hem-de bu demir ýoly ulanmagyň ikinji ýylynda 50 göterim artar. Munuň özi ýük daşamalarynyň tizliginiň artmagyna getirer, iş orunlary peýda bolar.

Owgan tarapy Türkmenistanyň Prezidentine bu taslamany amala aşyrmakda ýardam edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de ugurdaş desgalary bolan polat ýoluň gurluşygynyň amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň demir ýol edarasynyň ýolbaşçylaryna minnetlarlygyny beýan etdi.

Şu günki täze desganyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Hytaýyň demir ýol ulgamyna çykmak bilen, sebitiň ýurtlaryny baglanyşdyrjak giň gerimli ulag taslamasynyň bir bölegi bolup durýandygyny bellemek gerek.

Aziýanyň Halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň—2013-nji ýylyň iýunynda badalga berlen Kerki-Ymamnazar-Akina böleginiň gurluşygy 2016-njy ýylyň oktýabrynda tamamlandy. Transmilli ýoluň bu böleginiň umumy uzynlygy 88 kilometr bolup, onuň 85 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginde, galan 3 kilometri bolsa, Ymamnazar we Akina serhetýaka nokatlarynyň arasynda ýerleşýär.

2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabat şäherinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystanyň demir ýol ulaglary müdirliginiň arasynda Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanan taslama biziň döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurtdan bolan hyzmatdaşlarymyza utgaşykly logistika hyzmatlaryň edilmegine gönükdirilendir.

2019-njy ýylyň iýulynda Farýab welaýatynyň Akina menzilinde demir ýoluň 10 kilometrlik şahasynyň açylyşy boldy hem-de Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owgan çäginde täze demir ýoluny Türkmenistan öz hasabyna çekmek bilen çäklenmän, eýsem, öz işgärlerini hem-de maddy serişdelerini—işçileri, inženerleri, demir ýol maşynlaryny we kranlaryny, gurluşyk serişdelerini, demir şpal gözeneklerini ulanandygyny bellemek gerek.

Türkmen ýol gurluşykçylarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary, işleriň sowatly we dessin guralmagy bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Demir ýoluny çekmekden başga-da 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollary guruldy, konteýner terminallary we beýleki kömekçi desgalar bina edildi we enjamlaşdyryldy. Ähli taslama işleri “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Türkmendemirýoltaslama” ylmy-barlag instituty tarapyndan amala aşyryldy.

Bulardan başga-da, türkmen hünärmenleri tarapyndan halkara ýük daşamalarynda sanitar howpsuzlygyny üpjün edýän ýokançsyzlandyryjy germewler guruldy. Olar häzirki wagtda dünýäde pandemiýä häsiýetli ýagdaýyň döremegi bilen baglylykda adatdan daşary möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda demir ýol ulagy ýük daşamakda howpsuz we netijeli usul bolup durýar.

Täze demir ýol bilen birlikde, Owganystanyň bu etraplaryna täze durmuşyň hem geljekdigini ynam bilen aýdyp bolar. Ol owgan ykdysadyýetini ösdürmek, möhüm durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly meseläni üstünlikli çözmäge itergi berip, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder hem-de Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer.

OYR-nyň polat ýollaryny çekmek işinde türkmen demirýolçulary bilen üstünlikli we uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygy goňşy ýurtlaryň we halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, özara bähbitli sebit we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.

Bu gün gaýtadan dikeldilýän Owganystan öz oba hojalyk önümleri üçin täze bazarlary hem-de söwda-üstaşyr ugurlary işjeň gözleýär. Akina-Andhoý demir ýoly goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça şertleri döreder, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açar, owgan önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik döreder.

Geljekde Kerki-Ymamnazar-Akina-Andhoý ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýadan harytlary Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt ösýän döwletleriniň bazarlaryna çykarmak üçin amatly ýola öwrülip biler. Şeýlelikde, polat ýoly sebit we halkara derejesinde üstaşyr-ulag ýük daşalýan ugurlaryň möhüm bölegine öwrüler hem-de dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna Owganystany goşmaga ýardam eder.

Bulardan başga-da, Türkmenistan we Owganystan ýene-de bir ulag taslamasyny amala aşyrmaga—Turgundy-Hyrat demir ýolunyň gurluşygyna girişdiler. Onuň uzynlygy 173 kilometre deň bolar. Demir ýoluň ugrunda menzilleriň 4-sini, kommunikasiýa we duýduryş ulgamlaryny, perrony gurmak meýilleşdirilýär.

Akina-Andhoý we Turgundy-Hyrat demir ýollaryna täze logistika ugurlaryň goşulmagy bilen Hazardan Hindi ummanyna çenli uzalyp gidýän halkara ulag geçelgesiniň möhüm halkalary hökmünde olaryň ähmiýeti hem artar.

Türkmen demir ýol gurluşykçylarynyň amala aşyrýan işleri ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýene-de bir goşandy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary, şeýle hem içeri ykdysady bähbitlerine kybap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň ulag diplomatiýasynyň maksady ýurdumyzyň amatly geografiki ýagdaýyny hem-de tutuş sebitiň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Lazurit geçelgesiniň ulag taslamasynyň mümkinçiliklerini ulanmak meseleleri boýunça geçirilen wideomaslahatyň barşynda milli Liderimiziň täze teklipleri öňe sürmegini bellemek gerek.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýük akymlaryny utgaşdyrmak hem-de geçelgäniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak, bir bitewi nyrh syýasatyny kesgitlemek hem-de “bitewi penjire” ulgamynyň kömegi bilen, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, şeýle hem Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan ugrunyň sanly atlasyny düzmek üçin Bitewi logistika merkezini döretmegi teklip etdi.

Şeýlelikde, demir ýol ulagyny ösdürmegiň ähmiýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine sebitde we kontinentde bir bitewi ulag we söwda giňişligini döretmäge gönükdirilen täze başlangyçlary bilen tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ak pata bermegi bilen Akina menzilinden Andhoý şäherine “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan taýýarlanan ilkinji demir ýol düzümi dowamly zogyny çalmak bilen ýola düşýär. Kerwen ýük wagonlarynyň hem-de Türkmenistanyň eksport önümleri guýlan çelekleriň 20-sini öz içine alýar, olaryň 10-sy dizel ýangyjyny, 7-si bolsa, mineral dökünlerini we ösümlik önümlerini bellenilen nokada elterler.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ilkinji ýük wagonlarynyň täze ugur boýunça barşyny synlaýarlar. Bu ýagdaý biziň ýurtlarymyzyň häzirki gatnaşyklarynyň esasyny düzýän köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň nyşany bolup hyzmat edýär.

Soňra teleköpri arkaly Türkmenistanyň Energetika ministri hem-de OYR-nyň Suw we energetika meselelerini utgaşdyrýan müdirligiň baş direktory çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanlaryna Kerki-Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisini işe girizmäge taýýarlyk hakynda hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, bu taslama Owganystanyň energetika bazaryny döretmekde möhüm ädim bolup durýar. Türkmenistan bilen bilelikde, elektrik energiýanyň sarp edilýän möçberini artdyrmak üçin zerur bolan düzüm döredilýär.

Ýurduň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek owgan Hökümetiniň syýasatynda ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, taslama Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryndan elektrik energiýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hem-de ýurduň umumy elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirer.

Kuwwaty 500 kilowatt bolan elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegi bilen elektrik energiýasyny ulanýan alamlaryň sany ýurt boýunça 9 milliona çenli artar. Bu bolsa, Owganystany ygtybarly elektrik togy bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar.

Eksport energiýasynyň ugurlaryny giňeltmäge hem-de olaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik döretjek elektrik geçiriji ulgam baradaky wideorolige tomaşa edilenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň işe girizilmegine ak pata berýär.

Bu taslamanyň çäklerinde hem-de milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik bekedi, kuwwaty 500 kW bolan “Kerki” podstansiýasy hem-de türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgam guruldy.

“Kerki” podstansiýasy öňdebaryjy enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilip, bu ýerde işgärleriň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Bu desgalaryň gurulmagy Lebap welaýatynyň energoüpjünçiligini gowulandyrmak hem-de elektrik energiýasyny eksport etmek üçin tehniki mümkinçilikleri döretdi.

Öz nobatynda, owgan tarapy öz çäginde türkmen elektrik energiýasyny kabul etmek üçin zerur bolan desgalary gurdy. Birinji tapgyrda ol Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine iberiler. Ikinji tapgyrda—2022-nji ýylyň başyna –Puli-Humri we Kabul şäherlerine iberiler.

2018-nji ýylyň iýulynda geçirijilik ukyby sagatda 100 megawatta barabar bolan 112 kilometrlik Rabatkaşan-Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň ulanmaga berilmegi Owganystana uly kömegiň aýdyň mysaly boldy.

Bu taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri elektroüpjünçilik desgalarynyň, şol sanda podstansiýalaryň birnäçesinigurdular. Hereket edip gelýän Ymamnazar-Andhoý hem-de Serhetabat-Hyrat ulgamlary bilen birlikde, Rabatkaşan-Kalaýnau elektrik geçiriji ulgam goňşy ýurduň energetika düzüminiň möhüm bölegi bolup, ýurdy ykdysady taýdan dikeltmekde oňa ýardam edýär.

Elbetde, TOPH gaz geçirijisi bilen ugurdaş çekilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasynyň uly ähmiýeti bar. 2019-njy ýylda Mary welaýatynda TOP-nyň türkmen böleginde Mary DES—Hyrat şäheri (OYR) ugry boýunça güýjenmesi 220 kW bolan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabara boldy.

Türkmenistan Owganystany parahatçylykly dikeltmäge gatnaşmak bilen, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär. Owgan halkynyň abadançylyga ymtylmagyny goldamak bilen, ýurdumyz Owganystana diňe elektrik energiýasyny däl-de, eýsem, suwuklandyrylan gazy hem ýeňillikli bahalar boýunça iberýär, goňşy döwletde durmuş maksatly desgalary gurýar, ýaşlara bilim bermekde we işgärleri taýýarlamakda doganlyk kömegini berýär.

Teleköprini “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri dowam edip, olar Ymamnazar-Akina hem-de Serhetabat-Turgundy (Owganystan) halkara üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin optiki-süýümli ulgamlaryň işe girizmäge taýýar edilendigi barada hasabat berdiler.

Bu taslama Türkmenistandan Owganystana uzalyp gidýän optiki-süýümli ulgamlaryň ilkinjisi däldir, ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, ozal Akina-Turgundy ulgamy birikdirildi.

Owganystanyň optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy goňşy ýurtlaryň bäşisi, şol sanda Türkmenistan bilen birleşendir. Ulanmaga berilýän täze ulgam sanly Owganystan ulgamyny döretmekde nobatdaky ädim bolup durýar. Elektron hökümeti ulgamynyň berkidilmegi hem-de Owganystanyň sanly özgerdilmegi owgan ýolbaşçylarynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümi hem-de optiki-süýümli ulgamlary ösdürmek möhüm wezipedir.

Durmuşa geçirilen bu taslamany wideorolik arkaly synlap boldy.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Owganystanyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň, şeýle hem “Afghan Wireless” kommunikasiýa kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ähtnama we şertnama laýyklykda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurnamagyň barşynda zerur bolan kommunikasiýa enjamlary oturdyldy.

Şeýlelikde, Mary-Serhetabat aralykda 40 Gbit/sek trafikli DWDM enjamy rturdyldy. Serhetabatdan Turgunda çenli optiki süýümli kabeliň 8 kilometri çekildi hem-de 100 Gbit/sek trafikli enjam oturdyldy.

Ymamnazardan Akina çenli ortika-süýümli aragatnaşygyň 3 kilometri çekildi, Kerki-Akina böleginde bolsa, 100 Gbit/sek trafikli kommunikasiýa enjamy gurnaldy.

Bu taslamalar DWDM (Dense Wavelength Division Multiplexing-tolkunlaryň uzynlygy boýunça dykyz bölünme) tehnologiýasynyň—halkara üstaşyr we ýerli akymlary geçirmek üçin köp ýaýlymly optiki ulgamlaryň binýadynda amala aşyryldy.

Täze halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulgam trafigini artdyrmaga, onuň Owganystana we Pakistana iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik peýda bolar. Bu şeýle hem maglumatlary ibermegiň tizligini artdyrmaga hem-de Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky ygtybarly kommunikasiýa aragatnaşygy kepillendirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, täze ulgamlar Ýewropa, Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky maglumat akymynyň tizligini 100 Gbit/sek çenli, geljekde bolsa 6 Tbit/sek çenli artdyrmaga ýardam eder.

Halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda esasy maglumatlar “köprüsiniň” wezipesini ýerine ýetirer, geljekde bolsa, bu trafigiň esasy bölegini öz üstüne alar.

Häzir ýurdumyz dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbidini hormatlamak ýörelgelerine esaslanan giň görnüşli halkara gepleşikleri üçin açykdyr. Şunuň ýaly çemeleşme uly tehnologik ädimleri ätmäge mümkinçilik berdi.

Teleköpri tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Muhammad Aşraf Gani mähirli, dostlarça hoşlaşyp, goňşy halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Şunda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine berk ynam bildirdiler. Häzir şol hyzmatdaşlygyň öňünde täze sepgitler açylyp, ol üstünlikli ösdüriler.

Dabara gürrüň berlen wakalar bilen tamamlanmady. Gündiz Akina menzilinde Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygynda tapawutlanan işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenabatda bolsa, Türkmenistandan Owganystana optiki-süýümli ulgamy çekmekde işde gazanan ýokary görkezijileri üçin kommunikasiýa pudagynyň hünärmenlerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Elbetde, häzirki şertlerde ulag-kommunikasiýa-energetika düzümi milli, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan möhüm merkezinde ýerleşen hem-de uly üstaşyr kuwwatyna eýe bolan döwletiň Baştutany bolmak bilen, şol ugurlarda iri möçberli taslamalaryň başyny başlaýar. Şol taslamalar ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir.

Çeşme: www.turkmenistan.gov.tm

14.01.2021