Görogly etrabynyň gallaçy kärendeçileri şu ýyl hem gallanyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda iş depginlerini barha batlandyrýarlar.Geçen ýylda 15 müň 500 gektar ýerde ekiş
geçirip, birkemsiz kadaly gögeriş gazanan gallaçy kärendeçiler şu günler bugdaý maýsalaryny goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmaga taýýarlyk görmek ýaly işleri dowam etdirýärler.Etrap boýunça bar bolan 2 müň 950den gowrak gallaçy kärendeçiler «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň, daýhan birleşikleriniň dürli kysymly tehnikalarynyň kömegi bilen her gektaryna 180 kilogramdan karbamit dökünini berýärler. Her gün etrap boýunça 350 – 400 gektar bugdaý maýsalary talabalaýyk iýmitlendirilýär.Bu iş bilen bir hatarda suw geljek akabalarda arassaçylyk işlerini geçirip, atyzlara ösüş suwunyň, bökdençsiz gelmegi üçin aladalanýarlar. Ähli ideg işleriniň öz wagtynda ýokary
hilli geçirilmegi bol galla hasylynyň ösüp ýetişmegine uly şert döredýär. Muňa oňat düşünýän etrabyň gallaçylary her bir agrotehniki çäreleri bellenen möhletde berjaý edýärler. Bugdaý maýsalaryna ideg etmekde etrabyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýarlar. Etrabyň gallaçy, kärendeçileriniň şu günlerdäki yhlasly zähmetlerini synlanyňda, meýilnamada bellenen 29 müň 450 tonna galla hasylynyň kemala geljekdigine bolan ynamyň hasda artýar.
Çynar BERDIKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň
esasy hünärmeni.