Täzelikler

Baýramaly etrabynda 1 müň 100 gektar meýdana ýeralmanyň ýazlyk görnüşi ekildi

Baýramaly etrabynda 1 müň 100 gektar meýdana ýeralmanyň ýazlyk görnüşi ekildi

Baýramaly etrabynyň ýer eýeleridir daýhanlary 2025-nji ýylyň häzirki möwsüminde 1 müň 100 gektar meýdana ýeralmanyň ýazlyk görnüşini ekdiler. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Ýer eýeleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, toplan daýhançylyk tejribelerini utgaşykly ulanyp, ekinlere göwnejaý ideg edýärler. Ýeralmadan ýylyň-ýylyna bereketli hasyl almagy başarýan etrabyň oba zähmetkeşleri 2025-nji ýylda 15 müň 400 tonna ekologik taýdan arassa, ýokary hilli ýeralma ýetişdirmegi maksat edinýärler.

Mary welaýatynyň edermen ekerançylary ýurtda azyk bolçulygyny döretmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Ekerançylar ýeralma ýetişdirmekde-de baý tejribe toplaýarlar. Bu babatda welaýatyň aýry-aýry etraplarynyň hasyl ussatlary has-da tijenip zähmet çekýärler diýlip, habarda bellenilýär.

çeşme