Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Hökümet mejlisinde ilki milli parlamentiň ýolbaşçysyna söz berildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurduň kanunçylyk binýadyny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek, hususan-da, täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunda Türkmenistanyň Mejlisiniň 12-nji aprelde geçiriljek nobatdaky maslahatynyň gün tertibi barada hem aýdyldy.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin şu ýylyň 5-7-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada-da maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylyk binýadyny berkitmegiň, kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna käbir ugurlarda öňde boljak çäreler, alnyp barylýan işler babatda degişli teklipler hem hödürlenildi. Şeýle-de döwlet Baştutany käbir resminamalara gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

çeşme