Zähmeti goramak we howpsuz iş şertleri

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň guramagynda etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa kärhananyň işçi-hünärmenleri gatnaşdy.

Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji baştutanlygy netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeler, beýik işler we gülläp ösüşler barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak babatdaky tagallalaryň çäklerinde işçi-hünärmenlere sagdyn we howpsuz zähmet şertleriniň döredilişi, tehniki we ekologiýa howpsuzlygy barada wagyz-nesihatyň edilmegi duşuşygyň ähmiýetini artdyrdy.

Ýaz ekişine taýýarlygyň dowam edýän döwründe tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýarlamakda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň öňünde jogapkärli wezipeler durýar. Şoňa görä-de, duşuşykda çykyş edenler mehanizatorlara we bejeriji ussalara degerli öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Nowruz ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
 
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20903
17.02.2021