Bag — gözellik

Ilimizde agaç nahallaryny oturtmak, bagy-bossanlygy döretmek asylly iş hasaplanýar. «Bagym bar, barym bar» diýen ajaýyp aýtgy hem bagyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda eýeleýän ornuny aýdyň ýüze çykarýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bag ekmek ýaly asylly ýörelgä berk eýerilip, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň möçberli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Adam eli bilen döredilen bu bagy-bossanlyk halkymyzyň zähmetiniň miwesidir» diýmek bilen, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, daş-töweregimizi gurşap alan tebigatymyzy aýawly saklamaga her birimiziň öz şahsy goşandymyzy goşmalydygymyzy aýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk çagyryşyna ýaşlar uly hyjuw we höwes bilen seslenýärler hem-de asylly işe mynasyp goşandyny goşýarlar.

Her ýylyň ýazynda we güýzünde bag ekmek boýunça ählihalk dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylyp, asylly işe köpçülikleýin badalga berilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde möhüm bolup durýar. Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň biri-de, hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag nahallaryny ekmek hakynda» Karara gol çekmegidir. Bu resminama laýyklykda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän üstümizdäki ýylda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 10 million düýbi, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan 20 million düýbi oturdylar. Şanly ýylda täze ekiljek baglaryň damjalaýyn usulda suwarylmagynyň meýilleşdirilmegi bolsa, suwy tygşytly ulanmak babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygyny görkezýär.

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, durmuşa geçirýän döwletli başlangyçlary hemişe rowaçlyga beslensin!

Aýjemal ANNAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
 
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21441
22.02.2021