Ýazky ekişe taýýarlyk

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlarda gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak we ýuwuş suwuny tutmak hem-de pagta öndürijiler üçin zerur bolan gowaça tohumlaryny taýýar etmek işleriniň dowam etdirilýändigi bellenildi.

Gallaçylar bugdaýa ideg etmek işlerini alyp barýarlar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak boýunça zerur işler geçirilýär.

Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde talabalaýyk geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Alymlar we tejribeli hünärmenler oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň döwrebap usullaryny ýola goýmak boýunça önüm öndürijilere degişli maslahatlary berýärler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň howdanlarynyň ýagdaýyny seljermegiň, ähli derýalary we akabalary barlamagyň, eger zerur bolsa, olarda arassalaýyş we çuňaldyş işlerini geçirmegiň möhümdigini belledi we degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada aýdyp, ýazky ekişe tehnikalaryň taýýarlygyny ýene-de bir gezek içgin gözden geçirmegi tabşyrdy. Bu möhüm möwsümi gysga möhletlerde geçirmek hem-de bugdaýlara ýokary hilli ideg edilmegini üpjün etmek zerurdyr.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

«Bereketli toprak».

Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21413

22.02.2021