Ata ýurdum bagy-bossan

Bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Däbe öwrülen bu asylly ýörelge halkymyzyň milliliginde bar. Taryhy geçmişde ata-babalarymyz tebigata gözellik berýän baglar hakynda «Bagym bar, barym bar», «Bag ekeniňki, ýap çekeniňki» ýaly birnäçe pähimleri döredipdirler. Eždatlarymyzdan dowam edip gelýän şeýle asylly ýörelge türkmen halkynyň iň täze taryhy bolan Arkadagly eýýamymyz — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda «ýaşyl» zolaklary döretmek babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmeklige aýratyn uly üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda dürli görnüşli baglary ekmek, ýaşyl baglara beslenen seýilgähleri, giň tokaýlyklary döretmek, arassa ekoulgamy kemala getirmek bilen bagly uly işler amala aşyryldy. Muny Diýarymyzda geçen 2020-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli 25 million düýp bag nahallarynyň oturdylmagy hem doly tassyklaýar.

Bag bar ýerinde arassa howa bardyr, saglyk hem abadançylyk höküm sürýändir. Olar tebigata gözellik berýär, adamyň ruhuny göterýär. Bu bolsa bag nahallaryny ekmekligiň ähmiýetine göz ýetirmeklige mümkinçilik berýär. Ykdysady taýdan kuwwatlanyp, güýçli senagat döwletine öwrülýän ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde tutuş ýurdumyzda — paýtagtymyz Aşgabatda, welaýatlarda, şäherlerde, etraplarda we obalarda ýaşyl baglyklary döretmek dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda» Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, üstümizdäki ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 30 million düýp nahaly ekiler. 2021-nji ýyldaky bag ekiş möwsümlerinde olaryň 10 million düýp nahalynyň ekilmegini Aşgabat şäheriniň häkimligi, galan 20 million düýp nahalyny bolsa welaýatlaryň häkimlikleri üpjün eder. Munuň özi döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen özara sazlaşygy emele getirip, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga — ajaýyp tebigatyň özboluşly dünýäsine öwrülmegine täze mümkinçilikleri açar.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bimöçber tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç bolsun!

Ogulgerek RAHMANOWA,
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
 
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21805
25.02.2021