Beýik baglar Aşgabadyň ýaraşygy

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi baradaky giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban paýtagtymyz gür baglyga bürenýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen ençeme il-ýurt bähbitli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

«Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr» diýip, Diýarymyzyň bagy-bossanlyga bürenmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyz her ýyl ýurdumyzda bag nahallarynyň millionlarça düýbüni ekmek bilen baglanyşykly Karara gol çekýär.

Tebigat biziň barlygymyzdyr hem baýlygymyzdyr. Ynsan tebigatyna mahsus bolan mähir-mylakatlylyk, sabyrlylyk, pähim-paýhas, ýagşylyk edip ýalkanmak, göwnaçyk bolmak, daşymyzy gurşap duran tebigaty goramak, ony aýawly saklamak halkymyzyň gadymdan gelýän milli buýsanjy bolmak bilen, bu kadalara il içinde uly hormat goýulýar. Ata-babalarymyz hemişe bütin ömrüniň dowamynda özgelere ýagşylyk edip ýalkanmagy özlerine baş ýörelge edinipdirler, çünki ynsanyň paýhas çeşmesinde täsin güýç bar. Aklyga-päklige, ak arzuwlara beslenip «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ygally hem rysgally gelmegi bütin halkymyzyň ruhuny belende göterdi. Tebigatyň jana şypaly howasy, özüneçekiji gözelligi ýaz paslynyň bosagamyzda duranlygyny buşlamak bilen, ýaz gözelligine teşne kalplary joşdurýar.

Türkmen tebigatynyň üýtgeşik jadylaýjy güýji bar. Şol gözellikleriň ýüreginde ýerleşýän, arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrülen Aşgabat hormatly Prezidentimiziň halkymyzy bolelinlikde, eşretli zamanamyzyň hözirini görüp, sagdyn hem bagtly ýaşatmak baradaky bimöçber uly aladalary netijesinde barha ösüşleriň belent sepgitlerine ýetýär. Häzirki wagtda Bagtyýarlyk etrabynyň Bagçylyk müdirliginiň bagbanlary hem köp ýyllyk we möwsümleýin gülleri ekmek işlerini uly joşgun bilen, üstünlikli alyp barýarlar.

— Şu günler biziň 6-njy toparymyzyň bagbanlary edara-binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim edaralarynyň daş-töwereginde, şaýollardyr köçeleriň ugrunda abadanlaşdyryş işlerini geçirip, arassalap, ýerleri agdaryp, baglary suwaryp, gül ekmek işlerini alyp barýarlar. Käte beýleki etraplara-da kömek berýäris, ýagny, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlup ulanylmaga berlen köpgatly ýaşaýyş jaý toplumynyň, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň töwerek-daşynda, aýlawly awtomobil ýolunyň merkezindäki «Türkmen alabaýy» binasyndan başlap, Taslama köçesine çenli aralykdaky seýilgählerde abadanlaşdyryş işlerini alyp barýarys, ýakynda ol ýerlere agaç nahallarynyň dürli görnüşlerini, şol sanda miweli baglary hem oturtdyk. Ýetip gelýän bahar paslyna-da taýýarlyk işlerini alyp barýarys. Tejribeli, işine ussat bagbanlardan Ýaran Çaryýew, Atabaý Ataballyýew, Annadurdy Berdiýew, Hurma Aýtyýewa, Ýaňyl Baýlyýewa dagy göreldeli zähmet çekip, ýaşlara-da halypaçylyk kömegini berýär. Biz mundan beýlägem paýtagtymyzyň nusgalyk derejede owadan bolmagy ugrunda yhlasymyzy gaýgyrmarys — diýip, etrapdaky 6-njy toparyň ýolbaşçysy Murat Mowlýamow söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Bagtyýarlyk etrabynyň Bagçylyk müdirliginiň «Ýasmansalyk» ýyladyşhanasynda hem her ýylda müňlerçe düýp bag nahallary bilen birlikde, dürli görnüşli, ýakymly ysly, owadan güller bossany ösdürilip ýetişdirilýär. 30 gektar giňişlikde ýerleşýän bu ýyladyşhana toplumynda işine ussat bagbanlaryň uly topary yhlasly zähmet çekýär.

Gahryman Arkadagymyzyň mähriban paýtagtymyzy gülledip ösdürmek, bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky taýsyz tagallalary netijesinde açylyp ulanylmaga berlen bu toplumda gül şitillerini, bag nahallaryny has ir we ýokary hilli ýetişdirmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Haçan-da mähriban paýtagtymyz owadan güllerden läle-reýhana bürenende, ak mermere beslenen belent binalar, ýaşaýyş jaýlary has-da gözel görke gelýär.

— Biziň ýyladyşhanamyzda ösdürilýän agaç nahallary we gül şitilleri ýokardan we aşakdan ýagyş-duman görnüşinde siňňitli suwarylýar. Bu usulda suwarylanda, nahallar we şitiller has-da terlenip, ýokary hilli, kadaly ösüp ýetişýär. Bagbanlarymyzyň yhlasly tagallalary bilen her ýylda pürli, ýaprakly, bezeg bag nahallarynyň, gül şitilleriniň dürli görnüşleri, şol sanda köpýyllyk we möwsümleýin gülleriň her ýylda müňlerçe düýbi ösdürilip, paýtagtymyza ýaýradylýar. Ussat suwçularymyzdan Mekan Jepbarow, Kemaleddin Çalaýew, ussat bagbanlardan Gülşat Açylowa, Bibinabat Amangeldiýewa her bir işde ýaşlara görelde bolýarlar. Biz mundan beýlägem paýtagtymyzyň nusgalyk derejede owadan, abadan, lälezar bolmagy ugrunda bütin ukyp-başarnygymyzy gaýgyrmarys — diýip, ýyladyşhananyň ýolbaşçysy, tejribeli bagban Serdar Rahmedow söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Güljahan ŞAHBERDIÝEWA,
«Aşgabat».
 
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21767
25.02.2021