Oba hojalygy: bahar aladalary

Taýýarlyk işleri ýaýbaňlanýar

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň gyş pasly tamamlanyp, ýaz ekişi möwsümi golaý geldi. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny uly üstünliklere besläp welaýatymyzyň pagtaçylarydyr we gök ekerançylarydyr bakjaçylary häzirki wagt bereketli hasylyň düýbüni tutmak üçin meýdan işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Täze hasyl üçin ekin ekiljek ýerler şüdügärlenilýär, tekizlenýär, ýerli dökün, fosfor bilen gurplandyrylýar, geriş çekilýär, ekinara ýaplar arassalanylýar, atyzlaryň gyralaryna salmalardyr okaryklar çekilýär.

Bu edilýän işleri ýokary derejede we öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin bolsa, tehnika daýanylýar. “Tehnika — daýhanyň daýanjy” diýen pähime eýerýän obahojalykçylar oňa eýeçilik gözi bilen garap, iş gurallarynyň wagtly-wagtynda bejerilip, ýaglanyp durulmagyny gazanýarlar. Tehnikanyň gurat işledilmegi bolsa onuň iş öndürjiligini artdyrýar, işleýiş möhletini uzaldýar.

Ýetip gelýän gowaça ekişine tehnikanyň taýýarlyk ýagdaýy barada gürrüň etsek, welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleri, bejeriji ussalary, hojalyklaryň tehniki gullugynyň işgärleri tehnikany ýaz ekişine taýýarlamagy ýörite düzülen iş meýilnamasy esasynda, üstünlikli dowam etdirýärler. Ýerleri şüdügärlemek, ýeňil tekizleýiş çäreleri kuwwatly tehnikalar bilen ýerine ýetirilýär. Sürüm traktorlarynyň, azallaryň, tekizleýji gurallarynyň bejerilmegi degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik döredýär.

Daýhan birleşiklerine degişli kiçi göwrümli, tigirli traktorlar, ekijiler, etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda abatlanylýar, bejerilýär. Bu wajyp işe kärhananyň hünärmenleridir abatlaýjy ussalaryndan daşary hojalyklaryň tehniki gullugyndan abatlaýjy ussalar hem gatnaşýarlar. Hünärmenlerdir abatlaýjy ussalar boronalary, ekijileri, kultiwatorlary abatlap, bejerip, meýdançalarda ýerleşdirýärler. Möwsüme taýýarlanan tehnikalary hil gözegçiligi topary gözden geçirip, kabul edip alýar.

Hormatly Prezidentimiz kämil, döwrebap tarktorlarydyr oba hojalyk gurallaryny satyn alyp bermek bilen, tehniki hyzmat ediş kärhanalaryny ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmekde uly aladalary edýär. Tehnikalary abatlamakda, täzeden dikeltmekde, olary ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmekde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Marynyň awtoulaglary abatlaýyş, Baýramalynyň ýöriteleşdirilen abatlaýyş hem-de Ýolöteniň bejeriji-mehaniki kärhanalarynyň hünärmenleriniňdir işçileriniň bitirýän işleri bimöçberdir.

Sähet HOJAGELDIÝEW.

“Maru — şahu jahan”.

Päk zähmet — rehnet arygy

Halkymyz ene ýere uly sarpa goýýar. Topragy özüniň ekleýjisi hasaplaýar. Toprak hem maňlaý derini döküp zähmet çekýäne rehnetini sahylyk bilen eçilýär. Muňa oňat düşünýän kärendeçi daýhanlar ýerlerinde bugdaýdyr pagtany, gök ekinleri ekip bereketli hasyl alýarlar.

Sakarçäge etrabynyň kärendeçi daýhanlary 21300 gektar ýerde ak ekine ideg edip, bol hasyl ugrunda aladalanýarlar. Olar şu günler saçaklarymyza mele myssyk çörek bolup doljak bugdaýyň iýmitlendiriş, suw tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä alyp barýarlar. Ygşyldap oturan bugdaý maýsalary bu günki gün meýdana görk berip, daýhan yhlasynyň ýerine düşjekdigini alamatlandyrýar.

Mundan başga hem etrabyň kärendeçileri möhüm möwsüm bolan gowaça ekişine taýýarlyk işlerini giň gerimde ýaýbaňlandyrýarlar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda etrap boýunça 23000 gektar ýere gowaça ekmek meýilleşdirilýär.

Şu günler meýdanda ýerleri tekizlemek, geriş çekmek işlerini alyp barýarlar. Bu işde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalaryna daýanylýar. Ýokary iş öndürijilikli tehnikalara berkidilen tejribeli mehanizatorlar daýhanyň ýakyn ýardamçysy bolýarlar.

Ýakynda TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan mehanizatorlaryň armasyny bermek maksady bilen «Daýhan» daýhan birleşiginde kärendeçilere ýardamçy bolýan mehanizatorlara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

D. ORAZGELDIÝEWA.

Işler utgaşykly barýar

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek, özgertmek baradaky taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe etrabymyzyň babadaýhanlary ýylda pagtanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny öndürip ýetişdirýärler. Şu günler gowaça ekişine taýýarlyk işleri meýdanlarda giň gerimde alnyp barylýar. Ýerler göwnejaý sürlüp, tekizleşik işleri geçirilip, gowaça ekişine taýýarlanan meýdanlarda tagt suwuny tutmak işi geçirilýär.

Etrabymyzda häzirki günlerde ak ekine ideg etmek işleri ýokary depginde guramaçylykly alnyp barylýar. Gallaçy kärendeçiler ekinlere dökün bermek, suwarmak, zyýankeşlere, haşal otlara garşy göreşmek işlerinde tutanýerli zähmet çekýärler. Etrap boýunça 555 gektar meýdana ýeralma ekmek, 205 gektar meýdana sogan ekmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu işlerde etrabymyzda “Ýagtyýoluň daýhanlary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “Ak altyn”, “Garagum kanaly” daýhan birleşikleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinden irginsiz zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylyny uly üstünliklere beslemek üçin ähli tagallalary edýärler.

Allanazar MEREDOW.

TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň hünärmeni.

Daýhandan hereket — toprakdan bereket

Etrabymyzda däne ekinini ösdürip ýetişdirmek üçin gündelik amala aşyrylýan agrotehniki çäreler wagtynda talaba görä geçirilýär. Pendi topragy — sahy toprak. Daýhanda hereket bolansoň, toprak bereket eçilýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda pendililer 7500 gektar meýdandan 17300 tonna ýokary hilli bugdaý almak maksady bilen işleýärler. Gallaçylar her ýylky hasylyň düýbüni yhlasly tutýarlar. Olar keremli topragyň bejergisiniň bol hasylyň çeşmesidigine oňat düşünýärler. Şu günler galla meýdanlarynda Agrar partiýamyzyň agzalarynyň ýüzlerçesi yhlasly işleýär. Agrar partiýanyň agzalarynyň 1244-si zähmet çekip, şol sanda olaryň 600-e golaýy däneçilikde, pagtaçylykda, maldarçylykda öňdebaryjy agzalardyr. Şu günler ýaşyl öwsüp oturan maýsaly meýdanlary erk edýän tehnikalary bilen iýmitlendirýän “Azatlyk” daýhan birleşiginden Ýagşynazar Jumamyradow, Begendik Nazarow, Atamyrat Gylyjow, “Ýaşlyk” daýhan birleşiginden Taňryberdi Işanow, Rozyjuma Agzamow we beýleki mehanizatorlar öňdeligi eýeleýärler. Her ýyly ýokary görkezijiler bilen jemläp, däneden ýokary girdeji alýan Agrar partiýanyň agzalary Rozyjuma Rejebow, Rahat Akadow, Halyl Berdimyradow, Gülälek Gurtgeldiýewa, Aknäzik Nurgeldiýewa, Gözel Agageldiýewa ýaryşyň ýeňijileridir.

Akbegenç MÄMMEDOWA.

TAP-nyň Tagtabazar etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.

Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22070

02.03.2021