Ekologiýa abadançylygy – rowana durmuşyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Mähriban Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, daşky gurşawa aýawly garamak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek häzirki we geljekki nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy hem-de saglygy baradaky alada bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Halkymyzyň şöhratly geçmişi, ösüşli şu güni, aýdyň ertiri hem Watanymyzyň täsin tebigaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär.

Ekologiýa abadançylygy –durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri. Durnukly ösüş maksatlarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýär.

Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp tebigatymyzy öwrenmek, goramak, ony baýlaşdyrmak meselelerine örän uly üns bermegi bilen, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli maksatnama durmuşa geçirilýär. Tokaý we seýilgäh zolaklarynyň meýdanlary ýyl-ýyldan giňeldilýär. Şeýle asylly işler sebit we dünýä möçberinde hem möhüm ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň, sebitiň, bütin Ýer şarynyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga we ösdürmäge degişli çäreleriň hatarynda Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine oňyn goşant goşmaga ukyplydygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze döwrebap obanyň düýbüni tutup bermegi bilen, bu ýerde dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ajaýyp kölüň töwerekleriniň ekologiýa talaplaryna laýyk özleşdirilmegi Aral deňziniň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ol zerarly ýerleriň şorlaşmagynyň mukdaryny azaltmaga saldamly goşant bolar.

Türkmenistanda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Oňa laýyklykda, welaýatymyzyň Bötendag belentliginiň töwereginde, Sarygamyş kölüniň kenarynda 20 müň gektar ýerde saýaly we pürli agaçlaryň tokaýlygy döredilýär.

 Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolanlaryna ideg etmek asylly däbe öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň raýatlarynyň uludan-kiçi hemmesi belent ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu ählihalk çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirine garşy göreşmegiň umumadamzat işine uly goşantdyr.

Tebigat gözelliklerini gorap saklamak we ösdürmek babatda alnyp barylýan tutumly işler ýurdumyzyň, tutuş sebitiň ekologiýa derejesini gowulandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan oýlanyşykly ekologiýa syýasatynyň netijesinde, ekologiýa taýdan arassa ýurtlaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň her biri halka, umumadamzat bähbitlerine hyzmat etmegiň beýik göreldesi hem ýörelgesidir.

Il-ýurt, sebit we dünýä ähmiýetli şeýle beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!

Mylaýym ORAZOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň hünärmeni.
 
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22288
08.03.2021