Ýüpekçilikde möhüm möwsüm

Bahar paslynyň gelmegi bilen, daş-töweregimizi gurşap alan tebigata jan girdi. Daragtlar pyntyklap, gülläp, ýaprak ýaýyp başladylar. Tut agaçlary-da özüniň ýüpek ýapraklarynyň ujuny görkezdi. Şeýle günlerde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda 2021-nji ýylda pile öndürmek hakynda Karara gol çekmegi ýüpekçileri örän begendirdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz boýunça 2100 tonna çig pile öndürmek baradaky wezipe ýurdumyzyň ýüpekçileriniň öňünde belent borç bolup durýar. Halkymyz bu pudagy üstünlikli alyp barmak bilen, baý tejribe toplady. Ata-baba ýörelgesini dowam etdirip, ýüpekçilerimiz pileden diňe bir ýüpek matalary, halylary dokamak bilen çäklenmän, onlarça görnüşli önümleri öndürmegi hem ýola goýdular.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Maryda we Türkmenabatda ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän zawodlar guruldy. Şu ýyl hut şu zawodlarda öndürilen ýüpek gurçugynyň tohumyny idetmek meýilleşdirilýär. Çünki soňky ýyllarda bu zawodlarda ýerli hünärmenleriň tagallasy bilen, ýurdumyzyň howa şertlerine çalt uýgunlaşyp bilýän «Türkmen-13», «Türkmen-16», «Dostluk-1», «Lebap-2», «Ak pile-1,2» ýaly ýüpek gurçuklarynyň tohumlary döredildi. Olar talaba görä janlandyrylyp, gowy şertlerde idedilende, ýokary hilli pile berýär. Gowy ýeri, olar dürli kesellere-de çydamly. Tejribeli ýüpekçiler bilen gürrüňdeş bolanyňda, olar şeýle tohumdan bolan ýüpek gurçuklaryny idetmegiň ýeňil we gyzyklydygyny aýdýarlar.

Bu ýyl lebaply ýüpekçileriň öz öňlerinde goýan sepgitleri-de belent. Olar geçen ýyl 3868 guty gurçuk tohumyny idedip, 181 tonnadan gowrak pile öndüren bolsalar, bu ýyl 1010 tonna ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinýärler. Elbetde, wezipe ýeňil däl, ýöne lebaply ýüpekçilerde bu sepgidi eýelemäge ähli mümkinçilikler bar. Ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut ýapraklary ýeterlik. Her ýylda tut nahallarynyň ýüz müňlerçe düýbi oturdylýar. Tut agaçlary welaýatyň tokaý hojalygy kärhanasynyň nahalhanasynda her ýylda köpçülikleýin ýetişdirilip, olar öz wagtynda etraplara ugradylýar. Ine, şeýle aladalar bolsa şu ýyl welaýatda çig piläniň ýeterlik möçberiniň öndürilmegini üpjün eder.

Soňky ýyllarda tut nahallaryny Garagum derýasynyň kenarlaryna ekmek işi-de ýola goýuldy. Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekişligi döwründe tut nahallary täze özleşdirilýän ýerleriň gyra-çetine, atyzlaryň aralaryna hem ekilýär. Munuň özi tomusky epgegi sowmakda hem gowy netije berýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
20.03.2021