Ýurdumyzda gowaça ekişine girişildi

Ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda geçiren mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 31-nji martda ekişe başlarlar.

Asylly däbe görä, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan abadançylyk, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, milli Liderimiziň döwletli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edilip, meýdanlara gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.

Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biridir. Geçen ýyl eziz Diýarymyzyň hasyl ussatlary Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Türkmen pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere yzygiderli goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Pudakda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde obasenagat toplumynyň düşewüntliligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, obasenagat toplumyny inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar.

Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy barlaglaryň ösdürilmegine köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary guruldy.

Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak, ýerleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň we beýleki önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl gowaça ekmek üçin 620 müň gektar meýdan taýýarlanyldy. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine hususy önüm öndürijiler hem gatnaşýarlar. Olara oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan ýer bölünip berildi.

Şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak meýilleşdirilýär. Şol sanda, Watan harmanyna Ahal welaýatyndan 280 müň tonna, Balkan welaýatyndan 10 müň tonna, Daşoguz welaýatyndan 275 müň tonna, Lebap welaýatyndan 320 müň tonna, Mary welaýatyndan bolsa 365 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Ekiş möwsümine çenli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri taýýarlanyldy. Şolaryň hatarynda “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “149 F”, “Gubadag-3”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “S-2606” tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa görnüşlere aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli “Ýolöten-14” görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.

Şu möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň 7 müň 600-den gowragy, ekiş gurallarynyň 1 müň 700-den gowragy, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň 5 müň 500-den gowragy peýdalanylar. Etraplarda düzüminde tehnik-abatlaýjylar hem-de sazlaýjylar bolan toparlaryň 436-sy döredildi. Şolar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi.

Şeýle hem ýakynda gelip gowşan täze tehnikalar, hususan-da, ekiş gurallary, dünýä belli “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgam bilen enjamlaşdyrylan traktorlar şu möwsümde ekin meýdanlaryna çykarylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, tehnikalara gije-gündizleýin hyzmaty ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertler dörediler.

Şu möwsüme etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalaryň 375-si taýýarlanyldy. Şolar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.

Möwsümiň öňüsyrasynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Milli goşun” hem-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç” daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň okgunly ösüşini, obasenagat toplumynyň ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň mukdarynyň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan maslahatlar geçirildi.

Maslahatlarda welaýatlaryň we etraplaryň häkimlikleriniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, agronomlar, mehanizatorlar, pagtaçy kärendeçiler “ak altyndan” we beýleki ekinlerden bol hasyl ýetişdirmek bilen baglanyşykly meselelere garadylar. Hususan-da gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinlere zyýan berijileriň we haşal otlaryň öňüni almak barada pikir alşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar oba hojalygynyň ösdürilmegine yzygiderli goldawy, ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak babatdaky aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar we milli Liderimiziň obasenagat toplumynda başyny başlan özgertmelerini üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny, bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklarynda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçylar üçin özboluşly döredijilik sowgadyna öwrüldi.

(TDH).
25.03.2021