Obasenagat toplumy: bu pudagyň ösdürilmegi babatdaky döwlet maksatnamalary yzygiderli amala aşyrylmalydyr

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri degişli yzygiderlilikde hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda, hususan-da, sebitlerde durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek, ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak, maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreler barada aýdyldy. Welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak boýunça degişli çäreler görülýär. Ýazky bag ekmek möwsüminiň çäklerinde nahallary oturtmak hem-de pile öndürmek boýunça meseleleri netijeli çözmek babatda degişli çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy hem-de düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berildi. Şeýle hem häkimler welaýatlarymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdiler.

Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz gowaça ekişiniň barşyny, daýhanlaryň zerur serişdeler bilen üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň ýokary öndürijilikli işledilmegini üpjün etmek meselelerini çözmek boýunça görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge aýratyn üns bermegiň, şu maksat bilen welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Welaýatlarda pile öndürmek möwsümine doly taýýarlyk görmek hem-de kärendeçi ýüpekçiler üçin ähli şertleri döretmek wajypdyr. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsüminiň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi, bu ugurda maldarlarymyz üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli sebitlerde açylyp, ulanylmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy, bu babatda degişli wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatyny dowam edip, hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatyny diňledi. Wise-premýer işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, welaýatlarda gurulýan desgalarda işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň özgerdilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň şu günüň möhüm wezipesidigini belledi. Munuň özi oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdarynyň artdyrylmagyna, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň kuwwatlyklarynyň doly herekete getirilmeginiň zerurdygyny nygtap, oba hojalyk ekinlerine bellenilen möhletlerde göwnejaý ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýaş agaç nahallarynyň ösüşine yzygiderli gözegçilik etmek gerek. Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda öňde goýlan möhüm wezipeleri oňyn çözmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".
 
 
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25171
05.04.2021