Jogapkärli möwsümlere guramaçylykly taýýarlyk görülýär

9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy we degişli hasabatlar diňlenip, amala aşyrylan işlere baha berildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlise birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň, welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Mejlisde Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew ekerançylyk meýdanlarynda we gowaça ekişinde alnyp barylýan agrotehniki çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdiler. Welaýatda öňde boljak şanly seneleri ýokary derejede dabaralandyrmak we baýramçylyklar mynasybetli zähmet sowgatlaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekdi we Aşgabat şäheriniň ähli düzümleriniň utgaşykly işini ýola goýmak, paýtagtymyzyň baýramçylyk mynasybetli bezeg işlerini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede ýerine ýetirmek meseleleriniň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri, Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlaryna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň mukdarynyň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,8 göterime barabar boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda 18 müň 300 gektara şaly ekmek meýilleşdirildi we şondan 82 müň 400 tonna hasyla garaşylýar. Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektardan 35 müň tonna, Lebap welaýatynda bolsa 10 müň 200 gektardan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen şaly öndürijileriň arasynda şertnamalar baglaşyldy.

Milli Liderimiz «Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bellenilen wezipeleri anyk ýerine ýetirmek babatda berk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň häkimlerine we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi.

Milli Liderimiz iki möhüm möwsümiň — galla oragynyň we pagta ýygymynyň ýetip gelýändigini, olara gowy taýýarlyk görmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmelidigine, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyryp, importyny azaltmalydygyna, içerki bazaryň özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Oba hojalyk pudagynda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de onuň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, agrosenagat pudagyna elektron dolandyryş ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depgini güýçlendirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça hem ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlarda owlak-guzy möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

«Bereketli toprak».
 
Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25615
10.04.2021