SÜNT - HASARDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ WE GÜNBATAR KÖPETDAGYŇ SEÝREK HAÝWANLARY

Ýurdumyzyň tebigatyny goramak Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutýan syýasatlarynyň biridir. Tebigatyň goralýan künjekleriniň biride Köpetdagyň günbatar çäkleridir, ol özboluşly haýwanat dünýäsi bilen tanalýandyr. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda bu sebitiň gymmatly ekoulgamlaryny we biodürlüligini öwrenmek, köpeltmek we gorap saklamak üçin uly ähmiýetli işler alnyp barylýar. Sebitde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen gymmatly süýdemdiriji haýwanlardan goňur aýy, alajagaplaň, syrtlan, gulan, dag goçy, jeren ýaly birnäçe görnüşleri gabat gelýär. Goraghana tarapyndan olara yzygiderli gözegçilikler geçirilip, maglumatlar toplanylýar we olary gorap saklamak, sanyny köpeltmek barada tagallalar edilýär.

Goňur aýy (Ursus arctos L., 1758) – aýylar Diýarymyzda Köýtendagyň we Köpetdagyň çäklerinde örän seýrek gabat gelýärler. Aýy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) we Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl sanawyna (2008ý.) girizilendir. 1980- nji ýylda Gündogar Köpetdagyň Mäne-Çäçe meýdançasynda yzyna çagalaryny tirkäp geçen aýy görlüpdir. 1980-nji ýylda Çendiriň ýokarky akymynda aýynyň iki gezek duşandygy barasynda maglumat bar. Ol 1996- njy ýylyň ýazynda Eýrandan Etrek derýasynyň jülgesine geçipdir. Soňky ýyllarda goraghananyň gorag we ylym bölüminiň işgärleri tarapyndan geçirilen gözegçilik işlerinde goňur aýynyň aýak yzlaryna, 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda bolsa Sumbaryň jeňňelli derelerinde aýynyň özüne gabat gelindi.

Alajagaplaň (Panthera pardus L., 1758) – alajagaplaň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) we TGHB-niň Gyzyl sanawyna (2008ý.) girizilen gymmatly haýwandyr. Ol esasan Köpetdagda, Balkan daglarynda we Bathyz belentliginde ýaýrandyr. Günbatar Köpetdagda Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlary alajagaplaňlaryň esasy mesgenleriniň biridir. Goraghanada we oňa ýanaşyk meýdanlarda 17 baş alajagaplaňlaryň ýaşaýandygy hasaba alyndy. Olaryň köpelmegi we sebitde ýaýrawynyň giňelmeginde goraghananyň ähmiýeti uludyr.

Syrtlan (Hyaena hyaena L., 1758) – syrtlan hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) we TGHB-niň Gyzyl sanawyna (2008ý.) girizilendir. Bu görnüşiň esasy ýaşaýan meýdany Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýär. Şol sebäpden, onuň Türkmen populýasiýasyny gorap saklamagyň uly ähmiýeti bardyr. Syrtlanyň esasyýaýran ýerleri ýurdumyzyň günorta we gündogar sebitleri bolup, demirgazyga aralaşmasyna gözegçilik edilýär. Ýöne, onuň esasy mesgeni daglyk ýerleri bolup, goraghananyň çäklerinde we oňa ýanaşyk ýerlerde adaty gabat gelip, olar 40 baş töweregi hasaplanýar.

Itaýy (Mellivora capensis Schreber, 1776) – bu jandar esasan-da ýurdumyzyň düzlüklerinde we pes daglyklarynda gabat gelýär. Şol sanda Günbatar Köpetdagyň pes daglyklarynda we açyk derelerinde duşýar. Ýöne, ähli ýaşaýan ýerlerinde az sanly bolup, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) we TGHB-niň Gyzyl sanawyna (2008ý.) girizilendir. Soňky ýyllarda Torgaý, Gulmaç pes daglyklarynyň aşaky guşaklyklarynda, Hojagala we Purnuwar jülgelerinde aram-aram gabatlaşmasyna gözegçilik edilýändigi, onuň sanynyň kadalaşýandygyny aňladýar.

Gulan (Equus hemionus Pallas, 1775) – gulan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) we TGHB-niň Gyzyl sanawyna (2008ý.) girizilen seýrek haýwanlaryň biri bolup, geçen asyryň ortalarynda diňe Bathyz belentliginde saklanyp galypdyr. Bathyz döwlet goraghanasy döredilenden soň olaryň baş sany artypdyr. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda, gulanlary geçmişde ýok edilen ýerlerine täzeden gaýtaryp getirmek maksady bilen, olary Günbatar Köpetdaga-da goýberilipdir. Sebitde olaryň ýaşaýan ýerleriniň gorag zolagyndan daşda ýerleşmegi baş sanynyň artmagyna päsgelçilik döredýär. Muňa garamazdan, häzirki wagtda Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň çäginiň daşynda gulanlaryň 20 baş töwereginiň bardygy aýan edildi. Goraghananyň işgärleri tarapyndan olara yzygiderli gözegçilik işleri geçirilýär.

Jeren (Gazella subgutturosa Guld.,1780) – Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2011ý.) we TGHB-niň Gyzyl sanawyna (2008ý.) girizilendir. Jerenler geçmişde Günbatar Köpetdagda giňden ýaýrap, daglaryň aşaky guşaklyklarynda, baýyrlyklarda we derelerde gabat gelipdirler. Geçen asyryň ahyrynda jerenleriň az sanlysy sebitiň barmasy kyn ýerlerinde saklanyp galypdyr. Olaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, goraghanada ýörite köpeltmek we tebigata goýbermek çäreleri geçirilýär. Ýagny, 2003-nji ýyldan bäri, birnäçe ýyl Hazar döwlet goraghanasynyň Ogurjaly çäkli goraghanasyndan göçürmek işleri alnyp barylýar. Netijede olaryň sebitde sany artdyryldy. Olaryň tebigy ýaşaýan meýdanlary Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinden günbatarda ýerleşip, häzir ol ýerde jerenleriň baş sany takmynan 180 töweregi hasaplanýar. Goraghananyň işgärleri tarapyndan olara yzygiderli gözegçilik işleri geçirilýär.

 

Ýusup Saryýew, 

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy

23.05.2021