Daşky gurşawy goramak edaralarynyň işgärleri üçin treningler geçirildi

Ýakynda Köpetdag goraghanasynyň binýadynda aýratyn goragly tebigy çäklerde bioköpdürlüligiň monitoringi boýunça taglymat treningleri geçirildi, olary Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi (TOH we DGGM) Mihael Zukkowyň Tebigaty goramak gaznasynyň (MSF, Germaniýa) «Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» (CADI/КАДИ) bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Taslama Türkmenistanyň biologik köpdürlüligini saklap galmaga we çölleriniň ekoulgamlarynyň işleýşini ösdürmäge ýardam etmegi maksat edinýär. Taslama düzümleri gowulandyrmagyň hasabyna tebigatyň çöl landşaftlaryny saklap galmagy, çäklerini giňeltmegi we aýratyn goragly tebigy çäkleri (AGTÇ) dolandyrmagy kämilleşdirmegi, işgärleri okatmagy göz öňünde tutýar. Taslama goralýan çäklere maýa goýum serişdelerini, olaryň mümkinçiligini güýçlendirmäge degişli çäreler boýunça maslahatlary, şeýle hem Türkmenistanyň çöl ekoulgamlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizmäge garamak üçin teklipnama maglumatlaryny taýýarlamagy üpjün edýär.

CADI/КАДИ taslamasynyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşýan işgärlerden ýokary hünär taýýarlgyny, goralýan ýerleriň her birine aňryçäk derejede uýgunlaşdyrylan ylmy barlaglary we monitoring geçirmegiň umumy usulýeti bilen tanyşlygy talap edýär.

Treninge Türkmenistanyň goraghanalarynyň 9-synyň ylmy bölümleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Köpetdag we Bereketli Garagum döwlet tebigy goraghanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Treningi CADI/КАДИ taslamasynyň garaşsyz bilermenleri ýokary derejeli ösümlikler, ýerde-suwda ýaşaýan we süýrenji haýwanlar, guşlar we süýdemdirijiler bölümleri boýunça geçirdiler. Olar «Aram guşaklygyň Turan çölleri» sebit nominasiýasynyň teklip edilýän Türkmen klasteriniň bioköpdürlülik desgalaynyň monitorginiň usullaryny we ýerlerini işläp taýýarlamak boýunça teklipleri taýýarladylar.

«Aram guşaklygyň Turan çölleri» sebit nominasiýasynyň teklip edilýän Türkmen klasteri 2022-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizmäge teklip ediler. Klaster synag üçin aýratyn goragly üç çäkden – bir-birinden tapawutly aram çöllüklerden ybaratdyr. Olaryň ikisiniň – Gaplaňgyr döwet tebigy goraghanasynyň we Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň düzüminde suwly-batgaly ýerler bar.

Barlaglar meýilnamalary işlenilip taýýarlanylanda şu goraghanalaryň her biriniň ekoulgamynyň aýratynlygyny göz öňünde tutmak teklip edildi. Taglymat we amaly sapaklardan soň TOH we DGGM-nyň hünärmenleri bilen bilelikde Bereketli Garagum, Repetek we Gaplaňgyr goraghanalarynda meýdan şertlerinde işler dowam edildi. Ýerlerde olaryň ugurlary işlenilip taýýarlanyldy, möhleti kesgitlenildi, olar ylalaşylandan soň Türkmenistanyň kanunlaryna we ÝUNESKO-nyň düzgünlerine laýyklykda geljekki barlaglaryň hem-de monitoringleriň meýilnamalaryny taýýarlamak üçin esas bolar.

Şirin GARRYÝEWA, 

«Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» taslamasynyň ýolbaşçysy

Çeşme: Türkmenistan: Altyn asyr

05.06.2021