«Orta guşaklyk Turan çöllügi» boýunça resminama (nominasiýa dosýesi) toplumy taýýarlanýar

Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginde (OH we DGGM) bu edaranyň we Mihael Zukkowyň «Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy» atly tebigaty goramak gaznasynyň (MSF, Germaniýa) sebitleýin taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan onlaýn duşuşyk bolup geçdi.

Oňa Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ýer baýlyklary boýunça gullugynyň, Garagumyň Bereketli we Kopetdag döwlet tebigy goraghanalarynyň wekilleri, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky Milli kätiphanasy gatnaşdy. Duşuşyk Maýkl Zukkowyň Tebigaty goramak gaznasynyň, Greifswald uniwersitetiniň (Germaniýa) Botanika we landşaft ekologiýasy institutynyň we Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşigiň (IUCN) bilermenleri bilen bilelikde geçirildi.

“Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy” atly sebitleýin taslama Gazagystanda, Türkmenistanda we Özbegistanda şol birwagtda durmuşa geçirilýär. Onuň maksady Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň çölleriniň biologik dürlüligini gorap saklamaga hem ekosistemasynyň funksiýalaryny ösdürmäge ýardam etmekdir. Taslamanyň esasy düzüm böleklerinden biriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizilmegi üçin, çöl ekosistemalary boýunça atlar (nominasiýa) dosýesini taýýarlamakdyr. Şunuň ýaly iş Türkmenistanda bir kysymly tebigy jisimler bilen ilkinji gezek amala aşyrylýar.

Bütindünýä mirasy goramak baradaky Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda, Konwensiýa gatnaşýan döwletler islendik nominasiýa hödürlenmezden azyndan bir ýyl öň möhüm sebitleriň deslapky sanawlaryny degişli kätiphana tabşyrmalydyr. CADI / KADI taslamasynyň bilermenleri “Orta guşaklyk Turan çöllüginiň” sanawyny taýýarlap, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras merkezine girizdiler we şu ýylyň ýanwar aýynda özleriniň web sahypasynda neşir etdiler.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna häzire çenli tropik we subtropik sebitlerde ýerleşýän diňe 14 sany çöllük girizilipdir. Aziýa çölleriniň ekosistemalarynyň “WWF Global 200-iň” ileri tutulýan ekosebitleriniň, ýagny global “gyzgyn nokatlaryň” bir bölegidigini ekosebitleriň biodürlüligini gorap saklamak nukdaýnazaryndan dünýä derejesinde iň gymmatlydygyny bellemelidiris.

Merkezi Aziýanyň orta guşaklygyndaky çölleriň statusy WWF tarapyndan «gaty howply» topara degişli edilipdir. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, çöllük landşaftlaryň her birinde düýpli ekologik we biologik prosesleri goramak üçin giňişleýin goralýan ýerleriň bolmagy orta guşaklykdaky Turan çölüniň transmilli düzüm bölekleri hökmünde dünýäniň bu geň bölegi üçin zerur şertdir.

Tapgylaýyn desga bolan «Orta guşaklykdaky Turan çöllügi» aýry-aýrylykda üç goraghanany birleşdirýär: Repetek döwlet biosfera goraghanasy, Bereketli Garagum we Gaplaňyr goraghanasy, şeýle hem olara tabyn goraghanalar. Olaryň hemmesi Gündogar, Merkezi we Demirgazyk Garagumda ýerleşýär. Bu üç goraghananyň ählisi-de, umuman, Türkmenistan çölüginiň tipik ýerlerini öz içine alýar: bulara özboluşly tebigy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan şykgy toýunly, çägeli, şorlaşan çöller girýär, bu ýerde opurymlaryň, pes dag gerişleriniň, çägeleriň we Üňuz şorluklarynyň «şalygy» bar. Goraghanalaryň çägindäki relýefiň özboluşlylygy bu ýerde gyryň tekiz, daşly we eňňit bölekleriniň, dik uçutlarynyň, gury hanalaryň, eol hadysalaryndan dörän çöketlikleriň (ýelden dörän) we beýleki görnüşleriň bolmagy bilen şertlenendir. Şunuň ýaly dürli-dürli geomorfologik üýtgeşmeler görnüşleriň baý biodürlüligine getirýär.

Orta guşaklykdaky Turan çöllügi diňe bir çylşyrymlylygy bilen däl, eýsem tutýan meýdanynyň ölçegi bilenem meşhurdyr. Sazaklyklardan emele gelen diňe çägeli çöller 500,000 km² meýdany tutýar.

Orta Aziýanyň Orta guşaklykdaky çölleriniň Demirgazyk we Günorta Amerikadaky çöller bilen deňeşdirilende, sebitde oň ululygy şeksizdir. Alymlaryň pikiriçe, olaryň çäkleriniň ägirt giňişligi ekoulgamlaryň gurluşyna we ýerleşişine baglanyşykly hiliniň dürlüligine amatly şertleri döredýär. Olar özboluşly ekologik aýratynlyklar eýe bolup haýwanlardyr ösümlikleriň köp sanly endemik görnüşleriniň ýaşaýşyny üpjün edýär.

Diňe şu ýerlerde uzyn kökleri çuňluga aralaşýp, göçme çägelere böwet bolup hyzmat edýän ak we gara sazagyň hakyky tokaýlygyny görmek mçmkin; uzaga çekýän jöwzaly tomus möwsüminde we güýzüň başynda sazaklar çöl haýwanlarynyň yssydan gaçybatalgasydyr; mundan başga-da, bu ösümlikler uglerod döredip, özünde saklaýarlar, ösümlik iýýän haýwanlar üçin ýokumly iýmit bolup durýarlar we howa ýagdaýyny öňünden bilmäge kömek edýärler.

Taslamanyň çäginde Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda häzirki wagtda ara alnyp maslahatlaşylmagy we gol çekilmegri üçin, degişli guramalara hödürlenen “Orta guşaklygyň Turan çölleri” dowamly transmilli nominasiýa obýektlerini dolandyrmak we goramaga gönükdirilen özara düşünişmek Memorandumy taýýarlandy. “Orta guşaklygyň Turan çölleri” nominasiýa dosýesini 2021-nji ýylyň dekabrynda tamamlap, sebitiň ähli ýurtlary tarapyndan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetine hödürlemek meýilleşdirilýär.

Şirin Garryýewa,
«Çöller boýunça Merkezi Aziýa başlangyjy» taslmanyň ýolbaşçysy
05.07.2021