Ekologiýa abadançylygy — döwrüň talaby

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz 30-njy iýulda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew öz çykyşynda gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň garaşylýan netijeleri barada hasabat berdi.

Obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,2 göterime, şol sanda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 105,7 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,1 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 103,5 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 125,4 göterim ýerine ýetirildi.

Şeýle hem Hazar deňziniň güni mynasybetli meýilnama laýyklykda, şu ýylyň 12-nji awgustynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahatynyň maksatnamasy barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna düýpli taýýarlyk görülmelidigine, gök-bakja önümlerini, ýeralmany we beýleki oba hojalyk önümlerini bolelin öndürmek üçin ekin meýdanlaryny giňeltmelidigine, şu önümleriň öndürilýän mukdaryny artdyryp, daşardan getirilýän möçberini azaltmalydygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň ekologiýa taýdan abadançylygyny saklamagyň zerurdygyny nygtap, deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we Hazar deňziniň gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/36229

01.08.2021