Abadançylyk — möhüm mesele

Diýarymyzda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak köptaraply işi özünde jemleýär. Şunda howanyň düzümini adamyň we janly-jandarlaryň dem alýan kislorod bilen üpjün etmek üçin bagy-bossanlyklary, gül-gülälekli zolaklary döretmek, howanyň düzümine zyýanly gazlary goýberýän önümçilikleri ilatly ýerlerden bellibir daşlykda ýerleşdirmek, önümçilik galyndylaryny gaýtadan işläp, olary önümçiligiň beýleki bir ugrunda peýdaly ulanmak ýaly başlangyçlar öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda, ýurdumyzda önümçilige zyýansyz, ýagny «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, täze gurlup ulanylmaga berilýän zawodlardyr fabriklerde zyýanly gazlaryň mukdaryny düýpli peseldýän tehnologiýalary ulanmak üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstümizdäki ýylda bolup geçen mejlisinde eden çykyşynda: «Daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamak, tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarydyr» diýip belläp geçmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Bu aýdylanlara laýyk gelýän ýagdaý hökmünde, şu günki gün ýurdumyzyň Balkan welaýatynda gurlup ulanylmaga berlen «Garabogazkarbamid» zawodyny, Polimer zawodyny, Ahaldaky Gazdan ýokary hilli benzin ýangyjyny öndürýän zawody we beýleki köp sanly önümçilik desgalaryny ýatlap geçmek bolar. Esasy önümçilik çig maly türkmen topragyndan gazylyp alynýan tebigy gaz bolan bu kärhanalarda önümçilikden howa bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň mukdary ýok diýen ýalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda «Gök guşak» syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, her ýylyň ýazky we güýzki bag ekmek möwsümlerinde millionlarça düýp bag nahallarynyň ekilmegi indi kada öwrüldi. Şeýlelikde, geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyz boýunça 25 million düýp bag nahaly ekilen bolsa, üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, 30 million düýp bag nahalynyň ekilmegi meýilleşdirilýär.

Bag ekmek, gül-çemenlikleri döretmek häzirki döwürde Aral deňzi bilen bagly sebitde dörän ýaramaz ýagdaýlaryň täsiriniň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda ýurdumyzyň çäklerinde, esasan-da, Daşoguz welaýatynda, Bötendag sebitlerinde döredilen ýaşyl zolaklaryň peýdasy ilkinji pursatlardan başlap aýdyň duýuldy. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda dünýä bileleşiginde öňe sürýän başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Biz — ýaşlar umumadamzat abadanlygy ugrunda uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Döwletgeldi MAGTYMGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
11.10.2021