Mary welaýatynyň gallaçylary güýzlük bugdaý ekişini tamamladylar

Mary welaýatynyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekişini üstünlikli tamamladylar. Welaýat boýunça ekiş geçirilen 170 müň gektar meýdandan 345 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Ekiş möwsüminde tehnikalaryň uly toplumy peýdalanyldy, öz wagtynda göwnejaý özleşdirilen hem-de dökünler bilen iýmitlendirilen meýdana bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleri ekildi, olardan bu sebitiň toprak-howa şertlerinde bol hasyl ýetişdirilýär. Ekişi tamamlan maryly gallaçylara indi jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmek — agrotehniki kadalary hem-de ekinleri ýetişdirmegiň ähli tapgyrlaryna bildirilýän talaplary berk berjaý etmek wezipesi garaşýar.

Häzirki güne çenli ekiş geçirilen meýdanlaryň aglaba böleginde eýýäm gögeriş alyndy hem-de olara ideg etmek işleri ýaýbaňlandyryldy. Ekerançylar ilkinji ösüş suwuny bermäge hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge guramaçylykly girişdiler. Şunda ekin meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak işlerine aýratyn üns berilýär.

Welaýatlaryň üçüsinde eýýäm bugdaýyň geljekki hasylynyň binýadyny goýmak boýunça örän möhüm oba hojalyk möwsüminiň ilkinji tapgyry üstünlikli tamamlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça obasenagat toplumyny özgertmegiň çäklerinde geçirilýän toplumlaýyn çäreler bugdaýyň öndürilýän möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna hem-de Watanymyzyň galla harmanlarynyň beýgeldilmegine ýardam berýär.

Geçirilýän özgertmeleriň oýlanyşykly we netijeli häsiýeti oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny has ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde aýratyn sepgitdir. Bularyň ählisi häzirki wagtda Türkmenistanyň azyklyk bugdaýy daşary bazarlara çykarýan döwletleriň hataryna goşulmagyna şert döretdi.

Gallaçylaryň tutanýerli zähmetiniň netijeleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagynyň hem-de artdyrylmagynyň, gadymy we baky juwan türkmen topragynyň egsilmez berekediniň ygtybarly kepili bolup durýar.

«Altyn asyr» elektron gazeti

28.10.2021