Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.

 

Dabara gatnaşyjylar ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan asman bilen Zemin aralygyndaky beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere ýygnandylar.

Beýik akyldar şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşy, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegi, paýtagtymyzda ýokary ekologik abadançylygyň saklanmagy bilen bagly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar.

Şu ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta bölegine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda bu tebigy künjegiň ekologik abadançylygyny üpjün etjek köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, täze gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde bag ekmek, seýilgäh toplumlaryny döretmek möhüm talaba öwrüldi. Olaryň tebigy gözelligi ynsana oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Milli Liderimiz şäherleriň ilatynyň durmuşynda seýilgähleriň wajyp orny eýeleýändigini hem-de daşky gurşawda gök zolaklaryň ähmiýetini nygtamak bilen, şolaryň ekologik wezipä — amatly, asuda we owadan dynç alyş ýeri hem-de adamlaryň arassa howadan dem almagy üçin niýetlenen ýere öwrülmegi ýaly wezipä aýratyn üns berýär.

Seýilgählerde medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak we wagtyňy peýdaly geçirmek hem-de daşky gurşaw barada alada etmek ýaly wezipeleriň utgaşdyrylmagy möhümdir. Şunda tebigatyň gözelligi ynsanyň ruhuny galkyndyrýar, saglygynyň berkemegine has-da oňaýly täsirini ýetirýär.

Seýilgäh toplumlarynda tebigy ösümlikleriň bezeg agaçlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy el bilen döredilýän tokaýlyklar bilen birlikde bagy-bossanlyk baradaky maksatnamanyň möhüm ýagdaýlarynyň biri bolup durýar. Şolar bu gözellige söýgini hem-de aýawly garaýşy artdyrýan şäher ilatynyň ýene-de ençeme nesilleriniň guwanjyna öwrülýär.

Köpetdagyň etegindäki baýyrlykda bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ajaýyp ýadygärliginiň ýanyndan ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyplyklary eliň aýasynda ýaly görünýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi tanalmaz derejede özgerdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça üstünlikli amala aşyrýan özgertmeler maksatnamalarynyň aýdyň netijesidir. Döwrebap binalaryň sazlaşygy bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen utgaşyp, täsin gözelligi döredýär.

Dag eteklerinde güýz paslynyň hoştap howasy äşgär duýulýar. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň öň ýanynda ýagan ýagyş mele topragy gurplandyryp, howanyň tämizligini artdyrdy. Bu bolsa dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saýaly, pürli, miweli agaç nahallarynyň hem-de üzümiň 30 million düýbüni oturtmak bellenildi. Şolaryň 10 milliony paýtagtymyzyň töwereginde ekiler.

...Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň badalga beriljek ýerine gelip saklandy. Milli Liderimizi çärä gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.

Çärä gatnaşyjylar dürli bag nahallarynyň oturdylmagy üçin niýetlenen ýerde bu asylly çärä taýýar bolup durlar. Ýaňlanan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Bu gün tutuş türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan uly baýramçylyk — türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýdyň nyşanynyň hem-de parahatçylyk, hoşniýetlilik we döredijilik maksatlaryna üýtgewsiz wepalylygynyň alamatyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, bag nahalyny oturtmak üçin taýýar edilen ýere bardy.

Türkmen halky ene topragyny asyrlarboýy bagy-bossanlyga öwürmegi arzuw edipdir. Bag oturdan adam hemişe aýratyn hormata eýe bolupdyr. Adamlar bag-bakjaly, miweli baglary synlap, üstünden onlarça ýyllar geçse-de, olary kimiň ekendigini ýatlaýarlar. Baglara örän aýawly garaýarlar. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan tokaý zolaklaryny döretmek we giňeltmek başlangyjy ählihalk goldawyna eýe boldy.

Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylaryň hatarynda ýaşlar hem bar. Olar ata Watanymyzyň bähbidine okuwlaryny zähmet çekmek bilen üstünlikli utgaşdyrýarlar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesli halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan däplerinde terbiýelemegiň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýanyna ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili bardy. Eli pilli oglanjyk milli Liderimizden bag ekmek dabarasyna ak pata bermegi haýyş etdi we bag nahalyny oturtmak üçin pili gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz ilkinji agaç nahalyny — türkmen arçasyny oturtmak bilen, asylly işe ak pata berýär. Arça agajy ýurdumyzyň daglyk ýerlerinde tokaýlary dikeltmek işinde möhüm orny eýeleýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagyny saklaýar hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle hem arça agajy uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap, ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň töwereginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna ýardam edýär.

Ine, şu gün hem Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglaryň berkemegine, ösmegine degişli ideg işleri geçirildi.

Ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek üçin uly taýýarlyk işleri amala aşyryldy. Ony üstünlikli geçirmek üçin ylmy barlaglaryň esasynda işlenip taýýarlanylan agrotehniki talaplar we ölçegler göz öňünde tutulypdyr. Bular baglary ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýerleri öz wagtynda arassalamakdan we tekizlemekden, hatarlary oýlanyşykly bölüşdirmekden we ekiljek nahallaryň sanyny takyk hasaplamakdan, ekiljek ýerleri düzgüne laýyk taýýarlamakdan, ýeterlik möçberde suw bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Nahallar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklaryna durnukly we uýgunlaşdyrylan baglaryň görnüşlerinden saýlanyp alyndy.

...Bu asylly çärä gatnaşyjylar milli Liderimiziň göreldesine eýerdiler. Asylly işe hemmeler agzybirlikde gatnaşanlarynda milli özboluşlylygyň aýratynlygy ýüze çykýar.

Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hem-de paýtagtymyzyň töwereklerindäki dag eteklerinde bu gün müňlerçe gektar meýdanda bagy-bossanlyklar ýaýylyp gidýär. Dag derelerinde we baýyrlyklarda, ýapgytlarda häzir arça agaçlarynyň tokaýlyklary döredildi, olaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär. Garaguma mahsus bolan sazak, gandym, çerkez ýaly agaçlaryň ekilýän ýerleri hem özgerýär. Bag ekmek boýunça her ýyl geçirilýän köpçülikleýin möwsümler, bu tokaýlyklaryň eýeleýän meýdanynyň artmagy halkymyzyň yhlasly zähmetiniň aýdyň nyşanydyr.

Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler döwletimiziň aýratyn üns merkezinde bolup, milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Häzir adamzat üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan daşky gurşawy goramak baradaky möhüm ekologik meseleleri çözmekde ýurdumyzyň uly goşandyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegine, ýer-suw serişdelerini tygşytly peýdalanmaga, çölleşmäge garşy göreşmäge, ýerleriň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga hem-de birnäçe beýleki ugurlara degişlidir.

Hökümetiň alyp baran işleriniň on aýynyň netijeleri jemlenilen Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji noýabrynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak baradaky meseleleriň döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyna ünsi çekdi. Bu babatda Türkmenistan halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär hem-de anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň dünýä derejesindäki maslahatlarda hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren möhüm teklipleri hem daşky gurşawy hemmetaraplaýyn goramaga, adamlaryň durmuşy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Şolar halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolup, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmak üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.

Biziň ýurdumyz ekologiýa we howa meselelerinde halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmäge açykdyr. Milli Liderimiz bu barada aýdyp, ýakynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynyň (COP26) işine gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Glazgo şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada durup geçdi.

Munuň özi bu meselä Türkmenistanyň örän jogapkärçilikli çemeleşýändigine şaýatlyk edýär. Biziň ýurdumyz BMG-niň bu Çarçuwaly konwensiýasyny, Kioto teswirnamasyny hem-de Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna eýe bolan halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, ekologiýa we howa meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ýurdumyzyň olary amala aşyrmak boýunça anyk çäreleri görýändigini bellemek gerek. Suw, ýer we biologik serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, biodürlüligi hem-de tebigy ýerleriň gözelligini gorap saklamak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy babatda uly işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edildi.

Ýurdumyzda tokaý ulgamyny kemala getirmegiň häzirki zaman tehnologiýalary täze ugurlara eýe bolýar. Ösüşiň ekologiýa maksatnamasy türkmen tebigatynyň ajaýyplygy bilen sazlaşyklylykda adamlaryň durmuşynyň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy abadanlaşdyrmaga hem-de ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmäge gönükdirilendir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şu güýz gününde tutuş ýurdumyz boýunça agzybirlikli zähmet gaýnap joşdy: adamlaryň müňlerçesi bagy-bossanlyga büremek möwsümine uly höwes bilen goşuldylar. Eýýäm häzirden şäherlerimiziň neneňsi özgerendigine, paýtagtymyzyň etekleriniň bagy-bossanlyga bürenip, neneňsi abadanlaşdyrylandygyna baha berip bolýar. Eger biziň her birimiz häzir bir nahal eksek, onda geljekde biziň ajaýyp topragymyz has-da gözelleşer hem-de tokaýlyklar peýda bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde bagy-bossanlyklaryň eýeleýän ýerleri barha giňeýär. Diýarymyz bereketli baglyklaryň we meýdanlaryň, täzelenişiň hem-de ösüşiň nyşanlary bolan owadan we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülýär.

«Altyn asyr» elektron gazeti

07.11.2021