Täzelikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dürli ugurlarda, şol sanda oba hojalygy babatda köp sanly işläp taýýarlamalar durmuşa ornaşdyrylýar. 16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Bu zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Oňa hödürlenen işleriň üçden biri Russiýa, Belarus, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Ýaponiýa, Botswana, Germaniýa ýaly 9 ýurtdan 26 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň işleridir. 100-e golaý iş bolsa Türkmenistanyň 16 sany ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna degişli. Ylmy-taslama işleri, esasan, 3 ugur — oba hojalyk taslamalary (innowasion häsiýete eýe bolan ýa-da bar bolan görnüşlerden netijeliligi bilen tapawutlanýan oýlap tapyşlar), maglumat tehnologiýalary taslamalary (programma üpjünçiligi, şol sanda web hyzmatlar, mobil, desktop goşundylar, çat botlar) we işewürlik taslamalary (işewürlik meýilnamalary, maliýe resminamalary) boýunça hödürlenildi. Bellenilişi ýaly, bu giň gerimli bäsleşik diňe bir pikir alyşmak we täze ylmy açyşlar üçin netijeli meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaş alymlara zehinini açyp görkezmäge, ählumumy derejede özüni ykrar etdirmäge hem mümkinçilik döretdi.

Türkmen we daşary ýurt alymlarynyň bilelikdäki işleriniň diňe bir forumlara gatnaşmak bilen çäklenmeýändigi mälimdir. Şeýle duşuşyklar ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge, ugurdaş edaralar bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga amatly şertleri döredýär. 16-njy sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde Arkalaşyga agza ýurtlarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň, ekinleriň görnüşleriniň synagdan geçirilişiniň, tohumçylygyň, nahalhanalaryň ýagdaýy, üzümiň, miweli agaçlaryň nahallary bilen üpjün edilişi baradaky çykyşlara orun berildi. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak babatda türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” atly täze sortlary ýetişdirildi.