Makalalar

Daýhanlaryň ygtybarly daýanjy

Daýhanlaryň ygtybarly daýanjy

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bilelikde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň her birine,şol sanda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda,agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegine yzygiderli ähmiýet berýär.Şonuň
netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk ekinleri ekilýän, ösdürilip ýetişdirilýän, hasyl ýygnalýan ekin meýdanlarynda hasyl ussatlarynyň yhlasly we tutanýerli zähmeti möwç urýar.
Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeler oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga,daýhanlaryň öndürijilikli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi bolsa bereketli türkmen topragyndan öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Hormatly Prezidentimiz täze taryhy eýýamda oba hojalyk işgärleriniň,şol sanda daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemegi,toprakdan bol hasyl öndürmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini nygtap: «Oba hojalyk ekinlerini agrotehniki kadalara laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli, döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny,enjamlaryny we gurallaryny yzygiderli satyn alýarys» diýip belleýär.Ýeri gelende bu wajyp meselä «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy:
Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» hem möhüm ähmiýet berlendigini bellemek gerek. Onda agrar pudagy oba hojalyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrmak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigi,oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin agrotehniki çäreleri öz wagtynda we talabalaýyk geçirmek, ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, önümçilikde döwrebap, ylmyň soňky gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan kämil oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň giňden ulanyljakdygy bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz daşary ýurtlaryň meşhur «CLAAS» we
«John Deere» kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.Belli bolşy ýaly, bu meşhur kompaniýalar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolup durýarlar.Olaryň ekiş hem-de hasyl ýygnamak üçin ulanylýan tehnikalary we enjamlary ýurdumyza yzygiderli getirilýär hem-de oba hojalygynda netijeli ulanylýar.Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylyň fewral aýynda gol çeken Kararyna hem ünsi çekesimiz gelýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, bu Karara laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine bugdaý ýygnaýan kombaýnlar,sürüm we bejergi tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak barada edýän taýsyz tagallasynyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip gurmak hakynda» Permanyna laýyklykda,ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de dolandyrmagy kämilleşdirmek arkaly bu pudagyň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen,«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi-de möhüm ähmiýetli çözgüt boldy. Häzirki wagtda bu döwlet birleşiginiň welaýatlardaky, etraplardaky düzümleriniň hünärmenleri oba hojalyk tehnikalaryny,enjamlaryny we gurallaryny möwsümleýin işlere taýýarlamakda, olaryň netijeli ulanylmagyny gazanmakda alkyşa mynasyp işleri bitirýärler we oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek, azyk bolçulygyny döretmek işine saldamly goşant goşýarlar.
Milli ykdysadyýetimizde ähmiýetli orny eýeleýän oba hojalyk pudagynda işleriň üstünlikli alnyp barylmagyna giň ýol açýan,ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredýän daýhanlary hemmetaraplaýyn goldaýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Soňky goşulanlar