Täzelikler

Türkmenistanyň gündogar sebitinde 1300-den gowrak tehnika gowaça ekişi üçin taýýar edildi

Türkmenistanyň gündogar sebitinde 1300-den gowrak tehnika gowaça ekişi üçin taýýar edildi

Lebap welaýatda gowaça ekişine taýýarlyk görülýär we häzirki wagtda oba hojalyk tehnikalarynyň aglabasy möwsüme taýýarlanylýar.

Has takygy, şu wagta çenli welaýatda bar bolan 4 hatarly СЧН – 4БЭ Pes – 4 görnüşli kämil ekijileriň 336 sanysynyň 310-dan gowragy, «Monosem» görnüşli takyk gowaça ekijileriň 64 sanysynyň ählisi, «Gaspardo», «Gansa-31» kysymly takyk gowaça ekijileriň hem 20-ä golaýy tehniki taýdan gözden geçirilip, möwsüme doly taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr.

Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berdi.

Welaýatda gowaça ekijiler bilen birlikde gögeriş gazanylan ýerlerde gowaçalaryň hatarara bejergisini geçirmeklige niýetlenen oba hojalyk gurallaryny taýýarlamak işleri hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

«Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň ygtyýarynda bar bolan 66 sany 6 hatarly «Orthman-8325»görnüşli kultiwatorlaryň we bu kärhana degişli 33 sany 8 hatarly «Orthman-8375» kysymly kultiwatorlaryň ählisi, şeýle hem KHU 4B görnüşli kultiwatorlaryň hem 900-e golaýy gözden geçirilip, möwsüme taýýar ýagdaýa getirilipdir. Ýeri gelende bellesek, gowaça ekişi möwsüminde işlediljek tehnikalar, ekijiler we tirkeg gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlary hem ýeterlik mukdarda taýýarlanylýar. Sebitde bu ugurda zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary, esasan, Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ýasalýar.