Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmegi tabşyrdy

«Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň bazarlarynda we söwda nokatlarynda halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hem-de nyrhlaryny hemişe gözegçilikde saklamagyň, ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen kadaly üpjün etmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. TDH-niň habar berşi ýaly, döwlet Baştutany bu barada 14-nji fewralda geçiren Hökümet mejlisinde aýtdy.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105,4 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,1 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 117,7 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 154,1 göterime, nah matalaryňky 157,9 göterime, taýýar tikin we örme önümleriniňki 108,5 göterime, gön önümleriniňki 142,4 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 178 şertnama hasaba alyndy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,9 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105 göterime deň boldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, söwda we hyzmatlar ulgamlaryny giňeltmegiň, döwrebap kärhanalaryň sanyny artdyrmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek, dokma kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.