Täzelikler

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparynyň barşynda täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň enjamlaşdyrylyşy, seýilgäh zolaklarynda oturdyljak oturgyçlaryň we beýleki serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdiler.

Gahryman Arkadag täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähde oturdyljak oturgyçlaryň görnüşlerini synlap, olaryň oňaýlylyk babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem seýilgäh merkeziniň çäginde ýerleşdiriljek desgalaryň, ekiljek baglaryň we suw çüwdürimleriniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini, seýilgähiň çagalar üçin ýakymly ýatlamalara öwrülmelidigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek, gurluşyk işlerine guramaçylykly girişmek boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň gurluşygynyň ýagdaýy hakynda hem giňişleýin maglumatlar aýdyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň gurluşygy, olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen bagly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygy aýdyldy.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, täze şäherde şanly seneleri mynasyp garşylamak we olaryň hormatyna medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalara döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşuryljakdygy barada aýtdy.

Gahryman Arkadag baýramçylyk dabaralarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydygyny belledi.