Täzelikler

Türkmen işewürleri Daşkentde geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

Türkmen işewürleri Daşkentde geçiriljek halkara sergä çagyrylýar

Türkmenistanly işewürler Özbegistanda geçiriljek «Agroworld Uzbekistan 2025» atly 20-nji halkara oba hojalyk sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

«Agroworld Uzbekistan 2025» 11 – 13-nji mart günlerinde Daşkent şäherindäki «Uzexpocentre» sergi merkezinde geçirilip, onda oba hojalyk tehnikalary, ekinleriň önümçilik tehnologiýalary görkezilişe çykarylar, şeýle-de maldarçylyga, weterinariýa hem-de oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilişine we saklanylyşyna degişli diwarlyklar ýaýbaňlandyrylar.

Özbegistanyň obasenagat pudagynyň iň iri wekillerini we daşary ýurtly kompaniýalaryň ençemesini özüne jemleýän «Agroworld Uzbekistan» sergisine baryp görýänleriň 84 göterimi satyn almak işine gatnaşýar. Şonuň üçin hem bu forum satyn almak we oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we saklamak babatda iş alyp barýan kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça meýilnamalaryň işlenilip düzülmeginde möhüm ähmiýete eýedir.