Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisini geçirdi

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde ýurduň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy şeýle-de Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.

Mejlisiň Başlygy «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak we olara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hem aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutany ýurtda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak we hormatly ada mynasyp bolan zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.