Täzelikler

Türkmen ilçisi Ukrainanyň Milli ylmy oba hojalyk kitaphanasyna baryp gördi

Türkmen ilçisi Ukrainanyň Milli ylmy oba hojalyk kitaphanasyna baryp gördi

4-nji martda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi T.Ataýew oba hojalygy ylymlary, bilim we tehnologiýa taryhy institutyny esaslandyryjysy we ýolbaşçysy W.Wergunowyň çakylygy esasynda Milli ylmy oba hojalyk kitaphanasyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 1917-nji ýylda döredilen Ukrainanyň Milli oba hojalyk akademiýasynyň Milli ylmy oba hojalyk kitaphanasy Ukrainada milli ähmiýetli öňdebaryjy ýöriteleşdirilen kitaphana bolup, oba hojalygynyň meseleleri üçin ylmy we maglumat merkezidir, şeýle hem oba hojalygyna ýöriteleşen 210 sany kitaphana üçin ylmy we usuly merkezdir. Kitaphananyň resminama-maglumat gory 1 milliondan gowrak bolup, onda 59 ýurtdan 32 dilde ýygyndylar bar.

Duşuşygyň dowamynda W.Wergunow Türkmenistanyň ilçisine medeni we bilim taýdan möhüm baýlyk bolan kitaphananyň gaznalarynda saklanýan kitap ýygyndylaryny görkezdi. Kitaphanada Türkmenistanda oba hojalygyna bagyşlanan köp sanly neşirler hem bar.

Şeýle-de bu ýerde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan kitaphananyň fonduna sowgat berlen dürli mowzuklar boýunça türkmen edebiýatlary hem bar. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gadamy batly bedew» eseri, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň dürli tomlary, Magtymguly Pyragynyň ukrain dilindäki ýygyndylary bar.

Öz gezeginde T.Ataýew «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» we türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurtda ýetilen sepgitleri, şol sanda oba hojalyk pudagyndaky üstünlikleri beýan edýän «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly kitabynyň ukrain dilindäki nusgalaryny W.Wergunowa sowgat berdi.

Taraplar medeni we ylym-bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, bu ulgam boýunça edebiýatlaryň alyş-çalşyny dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

çeşme