Mart aýynda Türkmenistanda Oba hojalygy ministrligi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň (FAO) goldawy bilen bugdaý we pagta ekinlerini goramak boýunça iki täze taslama başlandy.
11-nji martda paýtagtyň Ýyldyz myhmanhanasynda açylan taslamalary hödürlemek boýunça giriş seminary geçirildi.
“Türkmenistan: Altyn asyr” tarapyndan habar berlişi ýaly, FAO-nyň Europa we Merkezi Aziýa sebitleýin bölüminiň hünärmeni Artur Şamilow taslamalaryň maksatlaryny we öňde boljak wezipelerini, Türkmenistanyň topragynda we howa şertlerinde durmuşa geçirmek üçin tehnologiki we tehniki mümkinçilikleri hödürledi.
Ýurduň agrobiologiýa ylymlarynyň wekilleri öz ylmy edaralarynyň işi barada çykyş etdiler, isleglerini aýtdylar, pikir alyşdylar we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli dowam etmegi meýilleşdirilýän taslama çäreleri bilen baglanyşykly maslahatlar geçirdiler.