5-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 147,7 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 102,2 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 132,5 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 129,7 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 101,1 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 101,4 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 262,9 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatlarda pile öndürijileri ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek çäreleri hem guramaçylykly dowam edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda talabalaýyk alyp barmagy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.