Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Hökümet mejlisinde ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Şeýle-de daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutany ýurduň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etmegiň, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň möhümdigini belledi.
Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.
Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň gününiň dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy.
— Bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde biziň jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar — diýip, döwlet Baştutany belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hemmeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem şanly sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine gutlaglaryny beýan etdiler.