Täzelikler

Türkmenistanda bugdaý oragy başlandy

Türkmenistanda bugdaý oragy başlandy

4-nji iýunda Türkmenistanyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna girişildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 11-nji iýunda bu jogapkärli işe ýurduň Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşularlar.

Orak möwsüminiň başlanmagy mynasybetli welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary hem geçirildi. Olaryň dowamynda möwsümi guramaçylykly geçirmek we bugdaý orujy kombaýnlaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şanly waka mynasybetli bugdaý meýdanlarynyň ýanynda dabaralar guraldy. Sergilerde oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, çörek we çörek önümleri, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary görkezildi. Şeýle hem welaýatlaryň aýdym-saz, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Şu ýylda Türkmenistanyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy.

çeşme