Türkmenistanyň gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnasyny tabşyrdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, munuň özi edermen daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň we ýurtda oba hojalygy pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän tagallalaryň netijesidir.
Häzirki wagtda ýurduň bugdaý meýdanlarynda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Bu işde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň we sürüjileriň sazlaşykly zähmeti netijesinde Watan harmanyna goşulýan ak bugdaý hasylynyň mukdary yzygiderli artýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylda Türkmenistanyň gallaçylaryna ekiş üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna ak bugdaýyň hasylyny ýygnamak wezipesi öňde goýuldy.