Täzelikler

Balkan welaýatynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamany doly ýerine ýetirdiler

Balkan welaýatynyň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamany doly ýerine ýetirdiler

Balkan welaýatynyň gallaçylary jemi 50 müň gektar ýere ekilen bugdaýdan 80 müň tonnadan gowrak galla hasylyny döwlet harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany ýurtda ilkinji bolup berjaý etdiler.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, düýn sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow bu ugurdaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy hem-de netijeli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlaryny şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etmekleri bilen gutlady we galan bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň möhümdigini belledi.

Ozal Türkmenistanda ýurduň ussat gallaçy kärendeçileriniň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrandyklaryny habar beripdik.

çeşme