Ertir Türkmenistanda bugdaý ekişine girişiler. TDH-niň habar berşi ýaly, Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, gallaçy daýhanlar üçin möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini, ekişi agrotehniki möhletlerde guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutany ýurduň welaýatlarynda 3-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, hormatly ýaşululardan bugdaý ekişine «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.








