Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada howa şertlerine bagly töwekgelçilikleri dolandyrmak» atly sebit maksatnamasynyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.
Bu edaranyň Murgap jülgesinde pagtanyň sortlaryny döretmek we dikeltmek boýunça uly tejribe toplap, ýurdumyzdaky iň köne pagtaçylyk ylmy merkezleriniň biri hökmünde tanalýandygy bellenilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, ylmy-amaly işleriň jemlenen synag sebiti — Murgap derýasynyň sebiti bolup durýar.
Innowasion ugurlaryň arasynda bu sebite laýyk gelýän, tebigy, durmuş-ykdysady we ekologiki aýratynlyklary hem-de ekerançylygyň emele gelen däplerini göz öňünde tutýan topragyň ýaramazlaşmagyny bahalandyrmagyň milli usulynyň esaslaryny işläp taýýarlamak bar.GIZ guramasynyň topary maksatnamanyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tejribesi bilen tanyşmak, duşuşyklar, pikir alyşmalar we ara alyp maslahatlaşmalar arkaly yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu ýakynlyk diňe bir uzak ýyllaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen däl-de, eýsem ozal bir bitewi gidrotehniki toplum bilen baglanyşykly geografiki ýakynlyk we ekerançylygy ösdürmegiň agrotehniki meňzeşlikleri bilen hem şertlendirilýär.
Şu günler, 14–17-nji oktýabr aralygynda Ýolötende Pagtaçylyk ylmy-barlag institutynyň işgärleri, tejribe-synag bazasynyň hünärmenleri, Ýer serişdeleri gullugynyň wekilleri, şeýle hem oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan daýhanlar we telekeçiler üçin suwarymly ýerleriň monitoringini kämilleşdirmek usullary boýunça okuw-seminarlar guralýar.
Mundan başga-da, ylmy-barlag institutynyň işgärleri bilen bilelikde topraklaryň bahalandyrylmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem 27–30-njy oktýabr aralygynda suwarymly ýerleriň dikeldilmegi boýunça çäreler bilen bagly göçme okuw-seminarlaryň ikinji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.








