Täzelikler

Mary welaýatynda kärendeçi daýhan 80 tonna pagta hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýär

Mary welaýatynda kärendeçi daýhan 80 tonna pagta hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda pagta hasylyny ýygnamak möwsümi dowam edýär. Mary etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atamyrat Alyýew 2006-njy ýyldan bäri oba hojalygy bilen meşgullanyp gelýär. Ol 2021-nji ýylda 62,5 gektar ýer bölegini 99 ýyl möhlet bilen kärendesine aldy. Bu ýerde daýhan bugdaý, pagta we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýär.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumata görä, häzirki möwsümde 30 gektar meýdana pagta ekildi. Oktýabr aýynyň ilkinji ongünlügindäki ýagdaý boýunça hasylyň 92,3 göterimi ýygnaldy, bu bolsa 63 tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygyny aňladýar. Daýhan her gektardan 26,6 sentner hasyl alyp, umumylykda 80 tonna çenli pagta ýygnamagy meýilleşdirýär.

Öňki ýyllarda hem hojalygyň netijeleri durnukly boldy: soňky iki ýylda her gektardan 41,5 sentner bugdaý, 25 sentnere çenli pagta hasyly alyndy.

Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde Atamyrat Alyýewiň maşgalasy — ýanýoldaşy Göwher Alyýewa we ogullary Begli bilen Arslan kömek edýärler. Bu ýyl pagtadan başga-da, hojalykda 27 gektar meýdana gant şugundyry ekildi. Şol bir wagtda gyşlyk bugdaýyň ekilmegi hem alnyp barylýar.

Atamyrat Alyýew 2024-nji ýylda çekýän halal zähmeti üçin «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.
çeşme