Täzelikler

Balkan welaýatynda güýzlük bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Balkan welaýatynda güýzlük bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar

Balkan welaýatynda güýzlük bugdaý ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Bu jogapkärli möwsüme welaýatyň oba hojalyk işgärleri ykjam taýýarlykly geldiler diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Şu günler güýzlük bugdaý ekişini tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Bugdaý ekişinde «Balkanobahyzmat» önümçilik birleşiginiň, onuň etraplardaky kärhanalarynyň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleri has-da işjeňlik görkezýärler. Welaýat boýunça meýilleşdirilen jemi 50 müň gektar ýeriň häzirki güne çenli 90 göterimden gowragynda ekiş agrotehniki talaplara laýyklykda doly amala aşyryldy.

Şeýle-de welaýatyň oba hojalyga ýöriteleşdirilen Gyzylarbat, Bereket etraplarynda güýzlük bugdaý ekişi göwnejaý derejede dowam edýär. Bu möhüm işde dürli kysymly kuwwatly traktorlaryň uly topary bökdençsiz işledilýär. Ýörite tirkegli traktorlara erk edýän mehanizatorlar möwsümiň çäklerinde ýerleri sürmekde, tekizlemekde, joýa çekmekde, ekiş geçirmekde zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Ekiş döwründe welaýat boýunça tehniki taýdan hyzmat ediş toparlarynyň ençemesi döredildi.

Welaýatyň ekin meýdanlaryndaky işleriň häzirki depgini güýzlük bugdaý ekişiniň ýakyn wagtda üstünlikli tamamlanjakdygyny görkezýär. Bu bolsa balkanly oba hojalykçylaryň geljek ýylda 80 ň tonna bugdaý hasylyny almak ugrundaky belent maksatlarynyň myrat tapjakdygyna ynamy artdyrýar diýlip, habarda bellenilýär.

çeşme