Täzelikler

Balkan welaýatynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Balkan welaýatynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Ozal habar berşimiz ýaly, 2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabaralaryna gatnaşdy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutany aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylandy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde Balkan welaýatynyň häkimi Türkmenistanyň Prezidentine sebitiň pagtaçy kärendeçileriniň döwlet öňündäki ýyllyk borçnamany berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, welaýatyň pagtaçy daýhanlaryny gazanan zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de olara mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi

çeşme