Türkmenistanyň we Germaniýanyň kompaniýalary maslahat beriş, logistika, oba hojalyk we gurluşyk tehnikalarynyň üpjünçiligi ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky birnäçe ylalaşyklara gol çekdiler. Resminamalar 30-31-nji oktýabrda Frankfurtda geçirilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleriniň çäklerinde baglaşyldy.
Çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen bilelikde gurady. Forumyň maksady Türkmenistan bilen Germaniýanyň, şeýle hem gyzyklanma bildirýän Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan ybarat boldy.
Iki günlük çärede Germaniýanyň 50-den gowrak öňdebaryjy kompaniýasynyň, banklarynyň we senagat birleşikleriniň wekilleri, şeýle hem 51 sany türkmen kompaniýasy we birnäçe döwlet düzümleri gatnaşdy.
Gol çekilen ylalaşyklaryň arasynda «Erbaeher+Kolb GmbH» nemes kompaniýasy bilen Türkmenistanyň «Eminli maslahat» hususy kärhanasynyň, şeýle hem «Mýusaid Hessen», «Asset Capital» we «Bey International FDI» kompaniýalary bilen Türkmenistanyň «TMT Consulting Group» hojalyk jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnamalar bar.
Şeýle-de «SKM Logistics and Trade GmbH» nemes logistika kompaniýasy «Döwrebap ulag merkezi» hojalyk jemgyýeti bilen ylalaşyk baglaşdy.
Oba hojalyk tehnikasynyň iň iri öndürijileriniň biri «John Deere» bolsa «Ojar Aziýa» we «Ýaş syýahat» » türkmen kompaniýalary bilen şertnamalara gol çekdi. Şeýle hem ýol-gurluşyk tehnikasyna ýöriteleşen nemes kompaniýasy «Wirtgen Group» we «Zeppelin Baumaschinen» kompaniýasy degişli türkmen hyzmatdaşlary — «Ojar Aziýa» we «Ýaş syýahat» bilen şertnamalary baglaşdy.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň günleriniň çäklerinde plenar mejlisler, B2B we B2G duşuşyklary geçirildi. Forum söwda-ykdysady gatnaşyklary, göni daşary ýurt maýalarynyň çekilmegi, ulag-logistika geçelgeleriniň emele getirilmegi hem-de energetika hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmak üçin meýdança boldy.
Maslahatyň dowamynda «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş, sanly özgertmeler we elektron hökümet ulgamynyň ösdürilmegi ýaly meseleler hem aýratyn orun eýeledi.
Çäräniň maksatnamasyna Germaniýanyň senagat kärhanalaryna tanyşlyk saparlary hem girizildi.








