Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde 12 ýyllyk türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanynyň eken türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi bu günki dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bag ekmek dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentine tutuş ýurtda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy hem-de Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow bolsa paýtagt şäheri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Şeýlelikde, köpçülikleýin bag ekmek dabarasy häzirki wagtda Türkmenistanyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasy boldy.








