Täzelikler

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenilýär

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenilýär

Şu gün Türkmenistanyň ähli sebitlerinde babadaýhanlaryň zähmetsöýerligini, türkmen topragynyň sahawatyny alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurtda «ak altynyň» hem-de azyklyk bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Gök, miwe, bakja önümlerini öndürijiler gazanan ýokary netijeleri bilen tapawutlandylar.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagyny täze derejelere çykarmaga aýratyn üns berilýär. Ýurtda bu pudagyň girdejili ugurlaryň birine öwrülmegi üçin iri möçberli çäreler durmuşa geçirilip, iň täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, ösen döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrylýar. Daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, kärendeçilere ýeňillikli şertlerde bank karzlary berilýär. Oba zähmetkeşleriniň girdejileriniň artmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi oba ilatynyň rowaçlygynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Olar bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Merdana oba zähmetkeşleri özleri barada döwlet tarapyndan edilýän yzygiderli aladany duýup, ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler. Olar sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurduň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

çeşme