Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidentine Hasyl toýy mynasybetli Sahawatly atly ahalteke bedewi sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidentine Hasyl toýy mynasybetli Sahawatly atly ahalteke bedewi sowgat berildi

Şu gün giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan Sahawatly atly ahalteke bedewi sowgat berildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

2022-nji ýylda doglan mele reňkli Sahawatly atly ahalteke bedewi Perman we Gaýmak diýen bedewleriň neslinden bolup, ata we ene tarapy atçylyk pudagynda uly meşhurlyk gazanan, ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň ýüreginde orun alan meşhur Teremiň ugruna degişlidir.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Hasyl toýy giňden hem-de dabaraly bellenilip geçildi. Hasyl toýy mynasybetli esasy dabaralar Aşgabat şäherinde Garagum derýasynyň boýunda ýaýbaňlandyryldy.

çeşme