Täzelikler

Hasyl toýy mynasybetli çagalara süýjülikler we ýörite sowgatlar gowşuryldy

Hasyl toýy mynasybetli çagalara süýjülikler we ýörite sowgatlar gowşuryldy

Şu gün Türkmenistanda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldýän çagalara hem-de Aşgabatdaky Döwletliler şgünde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyň adyndan süýjülikler we ýörite sowgatlar gowşuryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Çagalar baýramçylyk mynasybetli sowgatlary tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bilen kabul etdiler. Mälim bolşy ýaly, milli senenamada möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldýän, şeýle-de Döwletliler şgünde terbiýelenýän çagalara Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan süýjülikleri we ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň döwlet tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alnandygynyň nobatdaky beýanydyr.

çeşme