Täzelikler

Daşoguzly şalyçylar şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Daşoguzly şalyçylar şertnamalaýyn borçnamalaryny berjaý etdiler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatyň babadaýhanlarynyň şaly hasylyny tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habary ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň şalyçy babadaýhanlaryny gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutlap, olara işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

çeşme