Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy maksatnamasynyň (FAO) goldawyna eýe bolan «Mallaryň daşky gurşawyň netijeliligini bahalandyrmak we gowulaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyk» atly giň gerimli LEAP maksatnamasy boýunça duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahata Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Maldarçylyk we weterinariýa lukmançylyk institutynyň alymlary, şeýle-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri ýygnandylar. Olar oba hojalygyň esasy ugurlaryny, kesgitlenen ölçegleri we netijelilik esaslaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda bölümçä Italiýadan, Türkiýeden we Hytaýdan gelen FAO-nyň halkara derejeli hünärmenleri ýolbaşçylyk etdi.
Maslahatlarda mallary, balyklary, guşlary ösdürip ýetişdirmegiň, hatda bal aryçylygyň hem daşky gurşawa gowy täsir edýän taraplary ýüze çykaryldy. Şeýle-de, haýwanlaryň belli bir toparyny ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly ösen türkmen milli aşhanasynyň ähmiýeti bellendi.
Pudagyň girdeji çeşmelerini giňeltmek üçin bolsa, gastronomiki agro, medeni, etno we ekoturizm ýaly ugurlar kesgitlenildi. Duşuşygy Türkmenistanyň Oba hojalygy we Daşky gurşawy goramak ministrlikleri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) goldady.








